2018-nji ýylda tutuş dünýä boýunça tehnologiýa enjamlary – kompýuterlerdir planşetleriň we mobil telefonlaryň satuwy 2,1 göterim artyp, 2,32 milliard sana ýeter. Bu barada “Gartner” maslahat beriş kompaniýasy habar berýär. “Gartner”-iň maglumatyna görä, 2017-nji ýylda şeýle enjamlaryň söwdasy 2,27 milliard sana deň boldy. 2019-njy ýylda bu görkezijiniň 2,34 milliarda ýetmegine garaşylýar.
– 2018-nji ýylda tehnologiýa enjamlarynyň müşderileriniň sany artar. Şeýle harytlaryň bahasyna garamazdan, has gymmat enjamlara isleg bildirýänleriň sany hem ýokarlanar – diýip, kompaniýanyň barlag bölüminiň müdiri Ranjit Atwal gürrüň berýär.
Üstümizdäki ýylda kompýuterleriň söwdasy 264 milliona barabar bolup, 2019-njy ýylda 267 million derejesine ýeter. Tutuş dünýä boýunça mobil telefonlaryň satuwy 2,58 göterim artyp, 1,903 milliard sana ýeter. 2019-njy ýylda bu görkeziji 1,924 milliarda golaýlar. Degişli döwürde “Apple” kompaniýasynyň smartfonlarynyň söwdasynyň has-da artmagyna garaşylýar. “Gartner”-iň çaklamasyna görä, 2019-njy ýylda 5G maglumat geçiriji harytlar hem bazardaky ornuny almaga başlar. Ilkibaşda, bu harytlaryň ABŞ-da we Günorta Koreýada ulanmaga başlanjakdygy aýdylýar. 2021-nji ýyla çenli ähli satylýan smartfonlaryň 9 göterimi 5G tehnologiýasynda işlär.