Uçarmansyz uçup bilýän elektrikli “AirSpaceX Mobil-One” Detroitde geçirilen Halkara awtomobil sergisinde köpçülige hödürlendi. Bu taksi dikuçar ýaly dikligine hem uçup bilýär. Dört ýolagça we 200 kg ýük gatnatmaga niýetlenilen bu ulag uçarmansyz dolandyrylyp, sagatda 400 km tizlige ýetip bilýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolan “Mobil-One” internet ulgamy arkaly işleýär. Ol elektrik togunyň güýji bilen 104 km aralyga uçup bilýär. “Detroit Aircraft Corporation” şereketi 2026-njy ýyla çenli bu ulagyň 2500-sini öndürmegi maksat edinýär. “Airbus” şereketi hem “Vahana” atly elektrik togy bilen işleýän uçýan taksiniň taslamasynyň üstünde işleýär.