Bri­tan ýa­zy­jy ze­na­ny, ja­dy­göý og­lan­jyk Har­ri Pot­ter ha­kyn­da­ky ki­tap­la­ryň aw­to­ry Jo­an Rou­ling ede­bi­ýa­ta go­şan go­şan­dy üçin şa­za­da Wil­ýa­myň elin­den Hor­mat or­de­ni­niň kawaleri nyşanyny al­dy. Bu­kin­gem köş­gün­de ge­çi­ri­len da­ba­ra 52 ýaş­ly Rou­ling luk­man ýan­ýol­da­şy Nil Mýur­reý bi­len gel­di.
– Bu me­niň üçin uly hor­mat we men mu­nuň üçin buý­san­ýa­ryn. Hor­mat ordenine my­na­syp bo­lan ze­hin­li­le­riň to­pa­ry­na go­şu­lyş­mak men­de ýa­zy­jy ze­nan hök­mün­de çuň­ňur ho­şal­lyk duý­gu­sy­ny dö­red­ýär – di­ýip, Rou­ling aýt­dy. Hor­mat or­de­niniň kawaleriniň nyşany 1917-nji ýyl­da ko­rol Georg Vta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýar. Belli şahsyýetler sun­gat, ede­bi­ýat, aý­dym-saz, sy­ýa­sat, se­na­gat, din ýa­ly ugur­lar­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin bu or­den bi­len sy­lag­la­nyl­ýar. Şeý­le hem Sti­wen Ho­king, “Be­at­les” to­pa­ry­nyň ozal­ky sa­zan­da­sy Pol Mak­kart­ni, su­rat­keş De­wid Hok­ni, akt­ri­sa Meg­gi Smit we beý­le­ki­ler bu or­de­niň ka­we­le­ri bol­du­lar.