“New York Times” gazeti ABŞ-ly meşhur fantast ýazyjy Ursule Krýober Le Guiniň 24-nji ýanwarda 89 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny habar berdi. Ýazyjy zenanyň fentezi we ylmy fantastika žanryndaky romanlary dünýäniň 40 diline terjime edilip, millionlarça nusga bilen çykaryldy. Onuň meşhur eserlerinden biri bolsa, “Tümlügiň çep eli” romany bolup, 1969-njy ýylda neşir edilýär. Kitabyň awtory fantastika ugrundan berilýän “Hýugo” we “Nebýula” ýaly abraýly baýraklar bilen sylaglanýar. Ol 20-den gowrak roman, ýüzden gowrak hekaýa ýazdy. Onuň “Azat edýän kasam”, “Atlaryň düzgüni”, “Ýerde we suwda ýaşaýan jadygöý”, “Başga bir ýelde” ýaly kitaplary has köp satylan eserleridir. Ýazyjy zenan 1929-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda belli antropolog Alfred Krýoberiň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ilkinji hekaýasyny 11 ýaşynda ýazýar. Garward we Kolumb uniwersitetlerini tamamlap, orta asyr edebiýaty bilen gyzyklanyp ugraýar. Le Guin fantastikadan daşgary çagalar üçin niýetlenen kitaplary hem ýazýar, şeýle hem şygryýet we terjime bilen meşgullanýar. Ol ABŞ-da çagalar edebiýaty üçin berilýän iň uly sylag Jona Nýuberi medaly, şeýle hem amerikan edebiýatynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Milli kitap gaznasynyň baýraklary bilen sylaglanýar.