“Forbes” žurnaly Russiýada geçen 2017-nji ýylyň kitap jemini jemläp, okyjylaryň haýsy eserlere has köp ýykgyn edendiklerini aýdyňlaşdyrdy. Neşiriň ýazmagyna görä, bu sapar okyjylaryň gyzyklanmasy psihologiýa, taryh, tebigy bilimler bilen baglanyşykly eserlere, şol sanda kyssa eserlerine has-da artypdyr.
“Forbes”-iň reýtingine diňe 2016-njy ýylyň noýabryndan 2017-nji ýylyň dekabr aralygynda çykan täze kitaplar giripdir. “Forbes” žurnalynyň ýazmagyna görä, ýazyjy zenanlar Tatýana Ustinowanyň “Ykbally selfi” (81 100 nusga) we Dina Rubinanyň “Zenan ýeli” (75 650 nusga) atly kitaplary iň köp satyn alnan kitaplar bolupdyr. Şeýle hem iň köp satylan kitaplaryň arasynda üçünji orna Jodjo Moýesiň “Bagt nirede ýaşaýar” (60 927) diýen eseri eýe boldy. Şeýle hem reýtinge Wiktor Pelewinanyň “iPhuck 10”, Dmitriý Gluhowskiniň “Tekst” we beýleki eserler girizilipdir. Şonuň ýaly hem okyjylar tarapyndan 2016-2017-nji ýyllarda has köp satyn alnan kitaplaryň heniz hem satuwynyň işjeň dowam edýändigi bellenip geçilýär. Olar Daniel Kiziň “Eljernona üçin güller” (235 250 nusga), Gregoriý Robertsiň “Şantaram”, “Dagyň saýasy” (206 231 we 95 776 nusgalarda), Ýu Nesbonyň “Aýaz zenan” (86 769 nusga), Guzel Ýahinanyň “Zuleýha gözüni açýar” (65 760 nusga) ýaly eserlerinden ybaratdyr. Şonuň ýaly hem Jorj Oruelliň “1984” atly kitabyna gyzyklanma garaşylýanyndan has-da artypdyr. Kitap dükanlarynyň diňe birinde bu romanyň 46 müň nusgasy satylypdyr.