“Skott О’Dell” baý­ra­gy ta­ry­hy ro­man­la­ry we po­west­le­ri üçin ABŞ-ly ýaş ýazyjylara berilýär. Bu baý­rak 2018-nji ýyl üçin “Lo­wur­da­ýan deň­ziň aňyr­syn­da” (Beyond the Bright Sea) at­ly ki­ta­by üçin Lo­ren Wol­ka gow­şu­ryl­dy. Eserde he­niz bä­bek­gä, ada­ny­ň ke­na­ry­na ge­lip da­ýa­nan gä­mi­den ta­py­lan gyz­ja­ga­zyň yk­ba­ly ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar ça­ga­ny ýa­pyk has­sa­ha­na­ly Pe­niks ada­syn­dan ge­len­dir öý­düp, howatyrlanyp ug­ra­ýar­lar. “Skott О’Dell” baý­ra­gy 1982-nji ýyl­da Skott О’Dell we Zeý­no Sa­zer­lond ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp, ýe­ňi­ji­ler 5 müň dol­lar möç­be­rin­däki baý­rak bi­len sy­lag­lan­ýar. Bu baý­rak adatça, ABŞ-da ýet­gin­jek­ler üçin ni­ýet­le­nip ne­şir edi­len ta­ry­hy ro­ma­nyň ýa-da po­wes­tiň aw­to­ru­na ber­ilýär. Ýe­ňi­ji­ni bol­sa, dü­zü­mi­ne ede­bi­ýat iş­gär­le­ri we ki­tap­ha­na­çy­lar gir­ýän ko­mi­tet kes­git­le­ýär.