Kör­pe­le­riň iň ha­la­ýan oý­na­waç­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Le­go”-nyň dö­re­di­le­ni­ne 85 ýyl dol­dy. Em­ma hä­zir­ki ýa­ly için­dä­ki tur­ba­jyk ar­ka­ly bi­ri-bi­ri­ne ber­ki­dip bol­ýan ker­piç bö­le­jik­le­ri­niň ýa­sa­lyp baş­la­na­ny­na la­ýyk 60 ýyl bol­dy. Oý­na­wa­jyň ýö­ne­keý, em­ma dür­li şe­kil­le­ri ýa­sa­ma­ga, jaý­la­ry, ga­la­la­ry we ça­ga­la­ryň hy­ýal dün­ýä­si­ne syg­ýan äh­li zat­la­ry “gur­ma­ga” müm­kin­çi­lik ber­ýän bu gör­nü­şi kör­pe­le­riň iň köp hö­wes bil­dir­ýän güý­men­je­si­ne öw­rül­di. 1932-nji ýyl­da bi­ri-bi­ri­ne geý­di­ril­ýän agaç­dan oýun­jak­la­ry ön­dü­rip baş­lan kom­pa­ni­ýa ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da oý­na­waç ker­piç­le­riň hä­zir­ki­le­ri ýa­ly gör­nü­şi­ni oý­lap tap­ýar. Mun­da “Le­go”-nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Gotf­rid Kirk Kris­ti­an­se­niň ta­gal­la­sy ulu­dyr. Ol oý­na­waç bö­le­jik­le­ri­ni ýa­sa­mak­da gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan usul­dan peý­da­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­ler bi­na­la­ry gys­ga wagt­da gur­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len ker­piç­ler Kris­ti­an­se­ne “yl­ham çeş­me­si” bo­lup hyz­mat edip­dir. Da­ni­ýa­nyň bu kom­pa­ni­ýa­sy­nyň oý­na­waç­la­ry dün­ýä­de şeý­le bir meş­hur we­lin, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da onuň önüm­çi­lik des­ga­la­ry bar. Hat­da bu oý­na­waç­lar kom­pa­ni­ýa­nyň ady bi­len bel­li­dir. Bu oýun­jak­lar kör­pe­le­riň reňk­le­ri, şe­kil­le­ri bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­mak uky­by­ny kä­mil­leş­dir­ýär. Bi­ri-bi­ri­ne geý­di­ri­lip, dür­li şe­kil­le­ri ýa­sa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän bö­le­jik­le­riň gyz­ja­gaz­la­ra, og­lan­jyk­la­ra we uly ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen müň­ler­çe gör­nü­şi bar.
“Leg godt” dan di­lin­de “Go­wy oý­na” diý­me­gi aň­lad­ýar. Em­ma “Le­go” sö­zü­niň la­tyn­ça­da “jem­lä­rin” di­ýen ma­ny­sy hem bar. Il­ki­baş­da has ýö­ne­keý bo­lan oý­na­waç­lar­dan hä­zir­ki wagt­da jaý, uçar, aw­tou­lag, ro­bot, adam, trak­tor we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi­niň şe­ki­li­ni eme­le ge­ti­rip bol­ýar. Ola­ry bi­ri-bi­ri­ne geý­dir­mek hem aň­sat­jak. Bu bol­sa ça­ga­la­ra pi­kir­len­mä­ge, dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 1950-nji ýyl­lar­da di­ňe ker­piç gör­nüş­li bo­lan oý­na­waç bö­le­jik­le­ri­niň gör­nü­şi ar­typ, wag­tyň geç­me­gi bi­len çy­by­jak­lar, ti­gir­çek­ler, gur­jak­lar we dur­muş­da ula­nyl­ýan dür­li teh­ni­ka­la­ryň bö­le­jik­le­ri hem peý­da bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa mek­dep ýa­şyn­da­ky ça­ga­lar üçin has köp oý­na­waç ön­dür­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da “Le­go Ba­by” (0-3 ýaş), “Le­go Dup­lo” (0-6 ýaş) ýa­ly ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä hem oýun­jak­lar çy­kar­ýar. “Le­go City”, “Le­go Crea­tor”, “Le­go Sys­tem”, “Le­go Technic”, “Le­go Bio­nicle”, “Le­go Belvil­le” ýa­ly ça­ga­la­ryň is­leg bil­dir­ýän ugur­la­ry üçin aý­ra­tyn­lyk­da oýun­jak­lar ön­dür­ýär.