Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikler geljekki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly şertleri döredýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda döwletimizde uly taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen maglumatlara ser salanyňda-da, muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durnukly we depginli ösüş ugry, milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi 2017-nji ýylda ynamly ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etdi. Bu ugry durmuşa geçirmegiň çäklerinde işewürlik işjeňliginiň ýokarlanmagy höweslendirildi, milli ykdysady model özgerdildi we kämilleşdirildi, ýurduň ähli pudaklarynyň we sebitleriniň netijeli ösmegi üçin amatly şertler döredildi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti diwersifisirlemek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak wezipelerine uly üns gönükdirýär. 2017-nji ýylda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny, şeýle hem elektron senagaty döretmek boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek dowam etdirildi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça beýik işler amala aşyryldy. Ýurduň ykdysadyýetini ösdürmegiň onlarça möhüm çeşmeleri üçin berk binýat goýuldy. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýän kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik amatlyklarynyň ygtybarly esasyny emele getirmek dowam edýär.
Türkmenistanyň ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi saklamaga gönükdirilip, 2017-nji ýylda onuň ösüş depgini 106 göterimden gowrak boldy. Ykdysady syýasatyň esasy wezipeleriniň biri hem ykdysadyýetiň durmuşa gönükdirilen, serişde we energiýa taýdan netijelilik, ekologiýany goramak ugrunyň saklanyp galmagynda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini pugtalandyrmak bolup durýar. Türkmenistanda alnyp barylýan ykdysady ugruň çäklerinde gurluş, maýa goýum, pul-karz we söwda-ykdysady syýasatyň arasynda takyk utgaşdyrma amala aşyrylýar. Şunda maýa goýumlara JIÖ-niň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmegiň baş guraly we ykdysadyýeti diwersifisirlemegiň esasy guraly hökmünde seredilýär.
Ykdysadyýetiň strategik pudaklarynda bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň saklanyp galmagy gazyp çykarýan pudaklarda döredilen milli serişdeleri gaýtadan paýlamagyň hasabyna gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge mümkinçilik berdi. Bu ugruň esasynda ýurduň üstünlikli ösüşiniň esasy görkezijisi JlÖ durnukly ösdi. JIÖ-de has ýokary paý (33,0%) senagata degişlidir. Has köp möçberdäki maýa goýumlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky maýa goýum taslamalaryna we ýurduň dürli sebitlerindäki birnäçe senagat desgalaryna gönükdirildi.
Ähli şäherlerde we sebitlerde ýaşaýyş jaý gurluşygynda ýaş maşgalalara we maýyplara goldaw bermek ulgamyny döretmek göz öňünde tutulandyr, bu işi maliýeleşdirmek maksatnamasy hereket edýär, onda hususy gurluşyk we oba ýaşaýjylaryna aýratyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamlamak üçin karz bermegiň tertibi bellenýär.
2017-nji ýylda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi, inženerçilik ulgamlarynyň 623,6 kinometri, 1214,3 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýy, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda suw we lagym arssalaýjy desgalaryň 31-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 59-synyň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy güýçli derginlerde alnyp barylýar.
Awtoýollaryň gurulmagy we ýol ulgamynyň kämilleşdirilmegi sebitleriň ulag elýeterliligini ýokarlandyrýar, täze çäkleriň has intensiw özleşdirilmegine ýardam edýär, bu bolsa, durmuş-ykdysady ösüşe goşmaça itergi berýär. Ulag amatlyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek we pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasy olaryň halkara standartlaryna laýyk gelmegi bolup durýar. 2017-nji ýylda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat–Farap awtomobil köprüsi ulanmaga berildi.
2018-nji ýyl “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän birinji ýyly bolup, düýpli özgertmeler ýolunda möhüm çelgi hem-de berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk hem okgunly ösüşinde nobatdaky tapgyr bolar. Şeýle hem bu ýyl üçin bellenilen ähli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejesine çykarmaga we toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berer.
Gülnabat ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.