Soňky wagtlarda audio kitaplary uly meşhurlyga eýe bolýar. Çünki häzirki döwrümizde adamlaryň köpüsi öz wagtlaryny ýolda we syýahatda geçirýärler. Biz awtobusda barýarkak ýa-da bolmasa, pyýada gezelençlerde wagtymyz audio kitaplaryň belli bir bahasy ýokdur. Çünki edebiýat eserini seslendirmek üçin iň labyzly okaýan diktorlar saýlanyp alynýar. Bu bolsa, eseri diňlemäge bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň saýasynda biziň gözlerimiz dynç alýar, aňymyz bolsa, audio görnüşde peýdaly maglumatlary kabul edýär.
Soňky ýyllarda internet ulanyjylar üçin köp sanly peýdaly maglumat gorlary, şol sanda edebi audio kitaplar döredilip, olary “mp3” görnüşinde mugt göçürip alyp bolýar. Şeýlelikde, şu günki günde internetden kitabyň žanry, ady we awtory boýunça özüňi gyzyklandyrýan dürli kitaplaryň audio görnüşlerini tapmak bolýar. Audio kitaplar köplere, şol sanda gözi görmeýän batyllara hem giden dünýäni açyp berýär. Şonuň ýaly hem daşary ýurt dilini öwrenýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir.
Bulardan başga-da, eneler öý işleri bilen meşgullanýarkalar audio kitaplar çagalar üçin ajaýyp güýmenjedir. Çagalar sagatlap oturyp, kitap diňleseler gerek. Ýöne olara iň soňky täzeden-täze audio kitaplary diňletmegi welin, unutmaň! Şeýle hem ýoldan geçip barýarkaňyz, ylaýta-da, ýanyňyzda çaga bar bolsa, ýa-da ulag sürüp barýan wagtyňyz hiç bir ýagdaýda audio kitaplary diňlemek maslahat berilmeýär. Çünki şeýle ýagdaýlarda audio kitaplaryň adamyň ünsüni sowup, ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolup biljekdigi ikuçsyzdyr.
Şemsi Bapbyýew,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.