Amy­der­ýa döw­let go­rag­ha­na­sy 1982-nji ýyl­da Amy­der­ýa­nyň or­ta aky­my­nyň hem-de ýa­kyn ýer­leş­ýän çöl­lük ýer­le­riň eko­lo­gik ul­gam­la­ry­ny öw­ren­mek, go­ra­mak we öň­ki de­re­je­si­ne ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap, Dar­ga­na­ta we Seý­di et­rap­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýär. Go­rag­ha­na üç bö­lek­den: sag ke­nar­da Gyz­ga­la-Nar­gyz, çep ke­nar­da Gö­rel­de we Ga­bak­ly bö­lek­ler­den dur­ýar.

Bu ýer­de ösüm­lik­le­riň 450 gör­nü­şi bo­lup, der­ýa jül­ge­si­ne ýa­na­şyk çöl gi­ňiş­li­gin­de ösüm­lik­le­riň 123 gör­nü­şi­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň zoo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň en­to­mo­lok­la­ry ta­ra­pyn­dan mör-mö­jek­le­riň 446 gör­nü­şi, şol san­da, jyz­lan­la­ryň 67, ke­be­lek­le­riň 76, suw­da ýa­şa­ýan oňur­ga­syz­la­ryň en­çe­me gör­nüş­le­ri, şo­nuň ýa­ly-da ba­lyk­la­ryň 34 gör­nü­şi anyk­la­nyl­dy. Bu ýaý­la­da guş­la­ryň je­mi 247 gör­nü­şi bo­lup, 128-si­niň hö­würt­ge­le­ýän­ler­di­gi bel­li edil­di. Go­rag­ha­na­nyň çä­gin­de he­mi­şe ýa­şa­ýan guş­la­ryň bi­ri hem amy­der­ýa sül­gü­ni­dir. To­kaý­da köp­lenç bu­ha­ra jik­ji­ki­si­ni, ak­ga­nat daş­de­şe­ni­ni, gi­je­le­ri­ne gy­gyr­ýan me­lem­til sa­ry hü­wü­ji­gi­ni gör­mek bol­ýar. Kert­ler­de gö­ger­çin­ler, kür­kü­rek­ler, gök­gar­ga­lar, hüý­pü­pik­ler hö­würt­ge­le­ýär­ler. How­dan­la­ryň bo­ýun­da hok­gar­lar, suw ser­çe­le­ri, çu­luk­lar duş gel­ýär. Ýu­waş-ýu­waş­dan hal­ka­ly gum­ru­lar go­rag­ha­na­nyň çäk­le­ri­ni eýe­läp baş­la­dy. Hö­würt­ge­le­ýän gör­nüş­ler­den bür­güt, ýy­lan­çy gyr­gy, ütel­gi, hü­wi, säh­ra gö­we­ne­gi, mer­mer ör­de­gi, tog­da­ry, çak­ryk Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. 1999-njy ýyl­dan bä­ri go­rag­ha­na­da “Bu­ha­ra su­gu­ny­nyň te­bi­gy ýa­şa­ýan ýe­ri­niň go­ra­gy­ny gol­da­mak” di­ýen tas­la­ma esa­syn­da bu jan­da­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň go­ra­gy­ny güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem, şol ýy­lyň iýun aýyn­da Amy­der­ýa go­rag­ha­na­sy­nyň mu­ze­ýi dö­re­dil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ar­ka dur­ma­gyn­da ýur­du­myz­da wagt­la­ýyn ýa­şa­ýan guş­la­ryň gör­nüş­le­ri we ola­ry kö­pelt­me­giň yl­my esas­la­ry giň­den ula­ny­lyp, aja­ýyp ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Bu gün­ki gün türk­men top­ra­gyn­da mes­gen tu­tu­nan guş­la­ryň jür­kül­deş­ýän ses­le­ri yn­san kal­by­ny jo­şa ge­tir­ýär.

Säh­ra Saý­da­li­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak jem­gy­ýe­ti­niň Le­bap we­la­ýat
bö­lü­mi­niň hü­när­me­ni.