Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda gün-günden ösýär, özgerýär. Her bir ýyly, her bir aýy, her bir güni zähmet üstünliklerine, ýeňişli sepgitlere baý bolan Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler agzybir türkmen halkymyzy diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler bu günki gün özüniň ajaýyp miwesini hem berýär. Parahat durmuşyň, bagtyýar geljegiň kepili bolan şol beýik hem-de tutumly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegi ugrunda uly ähmiýete eýe bolýar.
Bagtyýar raýatlarymyz ömürleriniň aglaba bölegini iş başynda, öýde, ýolda geçirýärler. Işleýärler, zähmet çekýärler, bagtyýar zamanamyzda ajaýyp durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Biz bu aýdanlarymyzy ýoldaky hereketleriň seresaply bolmalydygy, adamlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidikleri baradaky möhüm meselä syrykdyrmak isleýäris. Şol kadalary berjaý etmegiň özi aslynda, ýollarymyzyň howpsuzlygyny gazanmaga, ak ýollarda menzilleriň parahatlykda aşylmagyna mümkinçilik döredýär.
Ýollarda, uly köçelerde raýatlarymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak sürüjileriň bellenilen tizlikde hereket etmeklerini, ýol ugrunda görkezilen belliklere ünsli bolmaklaryny, galyberse-de, köçe-ýol hereketlerinde pyýadalaryňam säwlikleri goýbermezliklerini talap edýär. Şonuň bilen bir hatarda uly ýoluň ugrundaky çatryklarda, köçeleriň kesişýän ýerlerinde hem bu kadalaryň has-da göwnejaý, seresaply berjaý edilmegi gerek. Köçe-ýol hereketleriniň şeýle çylşyrymly bolmagyna esaslanyp, onuň düzgünlerini kemsiz berjaý etmek üçin ýollarda ýörite ýol belgileri hem oturdylýar. Hereketi sazlaýjylaryň yşaratlaryna düşünmek ýol hereketine gatnaşyjylara degişli bolup, ol düzgünleriň sürüjiler üçinem, pyýada ýolagçylar üçinem uly ähmiýeti bardyr. Hasam awtoulaglaryň köp bolan ýagdaýynda pyýada ýolagçylaryň ünslüliginiň ýa-da pyýada ýolagçylaryň köp bolan ýerinde sürüjileriň berk ünsli bolmagy, köçe-ýol hereketleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, oňa gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar bilen biraýlyk yglan edilýär. Munuň özi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi bu döwürde ýurdumyzdaky bilim ojaklary röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillere öz gapylaryny giňden açýarlar. Şol ak mekdeplere gatnajak çagalary hem ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrmak diýseň derwaýysdyr. Ýene-de buýsandyryjy wakalaryň biri hem üstümizdäki “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýylymyz şanly wakalara hem-de baýramçylyklara baý ýyllaryň biri bolar. Baýramçylyk çäreleriniň şagalaň-şowhunly, köp adamly, berk düzgün-tertipli geçirilmegi hem ony guraýjylara-da, oňa gatnaşyjylara-da bagly bolup durýar. Esasan hem, bu dabaraly çärelerde ýerlerdäki polisiýa bölümleriniň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň paýyna uly jogapkärçilik düşýär.
Tejen şäher, etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri hem hut şu aýdylanlar bilen baglanyşykly işlere diýseň jogapkärçilikli çemeleşýärler. Olar şeýle asylly maksatlardan ugur alyp, etrabyň we şäheriň çägindäki edara-kärhanalarda, oba Geňeşliklerinde, daýhan birleşiklerinde, bilim, saglyk, medeniýet ojaklarynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. Oňa gatnaşyjylary köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen içgin tanyşdyrmak esasynda olar özleriniň alyp barýan işleriniň has-da täsirli bolmagyny gazanýarlar. Ýaş nesillere öwüt-ündew etmek maksady bilen, ýörite ýol hereketiniň düzgünlerini suratlandyrýan, şol düzgünleriň ýerine ýetirilişini beýan edýän bäsleşikler hem yzygiderli guralýar.
Biz etrap, şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ak ýollarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň wagtynda öňüni almakda, ak ýollara rowana bolýan ynsanlaryň ýetmeli menzillerine parahat ýagdaýda ýetmeklerini üpjün etmekde birleşen tagallalarymyzy gaýgyrman zähmet çekeris! Belent Serkerdebaşymyzyň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda döredip beren uly mümkinçiliklerine tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris!
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, agzybir türkmen halkymyzyň eşretli, erkana, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik hem-de tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Berdimyrat DURDYÝEW,
Tejen şäher, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.