45 derejede 999 basgançak hem-de 11 kilometrden gowrak ýol asman derwezesine alyp barýar. Bu ýoly “Formula E”-niň sürüjisi Tun Hopin “Range Rover Sport” ulagy bilen geçmegi başardy.
– “Formula 1”-iň synag ýaryşlaryna gatnaşdym. “24 sagat Le-Man” ulag ýaryşynda ýeňiji boldum. “Formula E” ýaryşlaryna gatnaşdym. Bu gezekki synanyşyk meniň sport durmuşymdaky iň kyn synaglaryň biri boldy – diýip, sürüji belläp geçýär.
Sürüji, ilki bilen, 100-e golaý egrem-bugram dag ýoluna çykdy. Soňra basgançakly ýol bilen Týanmen dagyna galdy. Onuň ahyrky nokady Hytaýyň dünýä belli “Asman derwezesi” boldy. “Range Rover Sport” bu ýoly geçmegi başaran ilkinji ulagdyr.