Robotlar gapylary açýar
“Boston Dynamics” kompaniýasy gapylary açmaga mümkinçiligi bolan “SpotMini” atly it robotynyň mehaniki görnüşini köpçülige hödürledi. Şeýle hem oňa käbir zatlary daşamak hem öwredildi. 4 aýakly robota ýörite manipulýatoryň kömegi bilen zatlary götermäge hem-de gapyny açmaga mümkinçilik döredildi. “SpotMini” demir itiň öňki görnüşleri ýaly şu wagtkysy hem basgançaklardan ylgap bilýär. 11 kilogram agramy bolan bu robot iti dürli maksatly ulanmak göz öňünde tutulýar. Ony adatdan daşary ýagdaýlarda gözleg hem-de halas ediş işlerinde ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belleýärler.
Ýaponlar ýokary tizlikde hereket edýän örän gymmat ulagy işläp düzdüler. “Aspark Owl” elektrik togy bilen işleýän ulag 100 km/s tizlige 2 sekuntda ýetmegi başardy we “tizligiň patyşasy” diýen ada eýe bolmagyň hötdesinden geldi. Ýaponiýanyň sport ulagy ýokary tizlikli ulaglaryň hataryndaky ornuny almaga çalyşýar. Bu taslamanyň üstünde 4 ýyl mundan ozal işlenip başlanypdy. Şol wagt bu taslama bary-ýogy 4 inžener çekilipdi. Häzir ol “Ferrari”, “Porsche”, “Bugatti”, “McLaren”, “Koenigsegg” ýaly sport ulaglaryny öndürýän öňdebaryjy ulag öndürijileri bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Ol 11-nji fewralda synagdan geçirildi we 100 km/s tizlige 1,921 sekuntda ýetmegi başardy. “Aspark Owl” diňe bir ýaryş elektromobili bolman, eýsem, adatça ulanmak üçin öndüriler. Ulag 2 sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň kuwwaty 1000 l.s. Indiki ýyl satuwa çykaryljak bu ulagyň 50 sanysyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Onuň bahasy 460 million ýene (4,3 million dollar) barabardyr.