ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama şu ýylyň 21-28-nji maýy aralygynda Aziýa yklymynyň iki döwleti – Wýetnamda we Ýaponiýada saparda bolar. Bu barada Ak tamyň metbugat gullugy habar berýär. ABŞ-nyň Prezidenti bu saparyna Wýetnamdan başlar. Ol ilki bilen Wýetnamyň paýtagty Hanoýda gepleşikler geçirer. Soňra ABŞ-nyň döwlet Baştutany saparyny Ýaponiýada dowam etdirer. Bu ýerde ol uly 7-ligiň ýygnagyna gatnaşar. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen gepleşikler geçirer. Hirosima şäherine baryp görer. Şeýlelikde, Barak Obama Hirosima şäherine sapara baran ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti bolar. Barak Obamanyň bu sapary dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Ýer togalagyny ýadro ýaragyndan azat etmek babatda alnyp barylýan işlere ygrarly bolup galýandygynyň subutnamasyna öwrüler. ABŞ-nyň Prezidentiniň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bu sapary onuň döwlet Baştutany wezipesi döwründäki 10-njy saparydyr.