Kubanyň paýtagty Gawanada 1-11-nji fewral aralygynda 27-nji Halkara kitap sergisi geçirilip, Hytaý Halk Respublikasy onuň hormatly myhmany boldy. Karib adasynda geçirilen bu çärä dünýäniň 40 ýurdundan köp sanly neşirýat wekilleri we ýazyjylar gatnaşdy. Gawan aýlagynyň girelgesindäki gadymy San-Karlos-de-la-Kabanýa galasy däp boýunça forumyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň çäklerinde onlarça diwarlyklar we kitap önümlerinden ybarat bolan pawilonlar ýaýbaňlandyryldy. Kubanyň kitap institutynyň başlygy Huan Rodriges Kabrera forumy geçirmegiň esasy maksadynyň ozalkylar ýaly okyjylar köpçüligini dürli ýurtlaryň ýazyjylarynyň täze kitaplary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny belläp geçdi. Şu ýyl bu serginiň hormatly myhmany Hytaý boldy. Bu ýurtdan ýazyjylardan, neşirýatçylardan, artistlerden we hökümet wekillerinden ybarat 220 adam Kuba geldi. Hytaýlylar bu çärä ispan diline terjime edilen ýüzlerçe kitaplary bilen geldi. Olar esasan hem, kubalylary HHR-iň başlygy Si Szinpiniň birnäçe eserleri we Hytaýyň gadymy kitap neşir işleri bilen tanyş etdiler. Şonuň ýaly hem bu kitap sergisine Ispaniýadan, Perudan we Panamadan uly wekiliýet gatnaşdy. Olaryň hatarynda birnäçe meşhur ýazyjylar hem bar.
Dürli edebi çäreleri öz içine alýan bu sergi ýarmarkasynda 4 milliondan gowrak kitap önümleri satuwa çykaryldy. Gawananyň kitap ýarmarkasy sebitiň giň gerimli medeni wakasy hasaplanyp, ýerli okyjylar dünýä edebiýatynyň häzirki ýagdaýy bilen tanyşmaga, şahsy kitaphanalaryny täze kitaplar bilen baýlaşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Bu sergi ýarmarkasyny guraýjylar dürli akademik, çeperçilik we edebiýat meýilnamalarynyň 20-den gowragyny öz içine alan bu çäräniň sebitiň medeni durmuşynyň möhüm wakasydygyny tassyklaýarlar.