Elimizi arassa saklamak saglygymyz üçin uly ähmiýete eýedir. Wagtly-wagtynda şahsy arassaçylygymyza seretmek bakteriýalardan we mikroplardan goranmagyň iň aňsat usulydyr. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, el-ýüzümizi arassa saklamak dürli keselleriň öňüni alýar. Keselleriň aglabasy bakteriýalar we mikroplar zerarly döreýär. Eýsem, biz elimizi nähili ýuwýarkak?!
Adatça, jemgyýetçilik ýerlerinde suwuk sabyn, öýde bolsa adaty gaty sabyn ulanylsa has gowy. Ilkinji nobatda, nahardan öň we soň elimizi sabynlap ýuwmagy unutmaly däl. Elimize ilki mylaýym suw akytmaly. Eger-de elimize ýapyşan palçyk ýa-da şoňa meňzeş zat bolsa, aýrylýança ýuwmaly. El öllenende, mikroplar ýapyşan ýerinden aýrylyp başlaýar. Soňra elimizi köpürjikleýänçä sabynlamaly. Diňe suwa ýuwlan el bilen sabynlap ýuwlan eliň arasynda arassaçylyk babatda uly tapawudyň bardygy geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy. Köpürjikli elimizi 15-20 sekuntlap owkalamaly. Aýaňyzyň içini beýleki eliň barmagy bilen owkalamaly. Barmaklaryň arasyny bolsa, mazaly ýuwmaly. Soňra elimiziň köpürjikleri aýrylýança gowy ýuwmaly. El-ýüzüňizi ýuwanyňyzda, has dogrusy, hemişe-de suwdan tygşytly peýdalanmagy unutmaň!