Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki saparlar özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Muňa golaýda hormatly Prezidentimiziň Belarus Respublikasyna amala aşyran we üstünlikli tamamlanan iki günlük resmi sapary hem aýdyň subutnama bolup durýar.
Belarus Respublikasy ýurdumyzyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda türkmen-belarus gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykaryldy. Döwletara gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrýan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli gazanylmagy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik derejä çykmagyna mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherindäki ilçihanasy 1995-nji ýyldan bäri hereket edýär. Belarus Respublikasynyň paýtagtymyz Aşgabatdaky ilçihanasy 2002-nji ýylda açyldy.
Hormatly Prezidentimiziň Belarus Respublikasyna amala aşyran nobatdaky sapary hem üstünlikli tamamlandy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine uly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyzlyk köşgünde resmi taýdan garşylandy. Soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Liderler birek-birege düşünişmek, ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki zamanyň ýagdaýyny, geljekki ösüşi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça-da pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde Uly maslahatlar zalynda dowam etdi. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, Belarus tarapynyň adyndan hormatly Prezidentimize ýadygärlik sowgat gowşuryldy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Belarus Respublikasynyň çägine Türkmen-belarus söwda öýüniň hem-de Türkmenistanyň çägine Belarus-Türkmen söwda öýüniň getirýän harytlaryna goşulan bahalar üçin salgytdan boşatmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygyň 2016-2017-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna; Özara hyzmatdaşlyk hakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Belarus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň arasynda Şertnama; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň arasyndaky Şertnamanyň çäklerinde 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Belarus döwlet aragatnaşyk akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Döwlet milli teleradio kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Milli Liderimiz Belarus Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde bu ýurduň paýtagty Minsk şäherinde gurlan Türkmenistanyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat etjek bu binanyň düýbi hormatly Prezidentimiziň Belarus Respublikasyna 2014-nji ýylda amala aşyran saparynyň çäklerinde tutulypdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mübärekläp, türkmen-belarus gatnaşyklary barada durup geçip, olaryň açyk hem-de özara ynanyşmak häsiýetine eýedigini aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakyky dostlugyň, özara hormat goýmagyň, birek-birege ynanmagyň hem-de deňhukuklylygyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz okgunly ösüşi, köpugurlylygy, strategiki wezipelere oňat düşünilýändigini döwletara hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklary hökmünde görkezdi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti hem öz gezeginde ilçihananyň işgärlerini täze jaý toýy bilen gutlap, bir ýarym ýyl mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde bu binanyň binýadynyň tutulandygyny aýtdy. Şeýle hem dostlukly ýurduň ýolbaşçysy ilçihananyň belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüljekdigini belläp, türkmen diplomatlarynyň iki halkyň arasyndaky dostlugy hem-de döwletleriň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Dabaranyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Liderleri ilçihananyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýy bilen tanyşdylar. 8 gatly jaýyň umumy meýdany 1622 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde 4 otagly öýleriň 2-si, 3 otagly öýleriň 2-si hem-de 2 otagly öýleriň 4-si ýerleşýär. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri 1-nji gatda ýerleşýän öýleriň birine barýarlar we türkmen diplomatlarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp, ýaşamaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşýarlar. Öýleriň ählisi oňaýly ýerleşişi bilen tapawutlanýar. Zerur bolan mebeller, durmuşda ulanylýan tehnika we beýlekiler täze jaýlara göçüp baranlaryň ygtyýaryndadyr.
Üç gatly ak mermerli bina Minsk şäheriniň iň meşhur etraplarynyň birinde guruldy. Toplumyň binagärlik keşbinde döwrebap gurluşyk ýörelgeleri hem-de türkmen binagärliginiň we milli bezegiň gadymdan gelýän däpleri öz beýanyny tapdy. Bu ýerde edara binasy, ýaşaýyş jaýy we degişli tehniki desgalar ýerleşýär.
Meýdany 5615 inedördül metre barabar bolan binada diplomatik wekilhananyň işgärleriniň iş otaglary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar, konsullyk bölümi, arhiw otagy ýerleşýär. Olaryň ählisi döwrebap edara mebeli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Şeýle hem bu ýerde maslahatlar zallary, sergi zaly we banket zaly ýerleşýär. Awtoulag duralgasy, aşhana we naharhana hem işgärleriň ygtyýaryndadyr. Toplumyň çäginde uly gyşky bag bar.
MEDENI GATNAŞYKLAR BARHA ÖSDÜRILÝÄR
Milli Liderimiziň saparyna gabatlap, Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň çäklerinde şäheriň ilaty we myhmanlary halkymyzyň döredijilik däpleri, baý mirasy we ýurdumyzyň häzirki zaman sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.
Belarusuň ýaşaýjylary ozal – 2010-njy we 2014-nji ýyllarda bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilen mahallary türkmen sungaty hem-de däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alypdylar. 2012-nji ýylda Belarus döwlet sirkinde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy uly üstünliklere beslendi.
MILLI LIDERIMIZIŇ SAPARY BELARUS METBUGATYNDA
Hormatly Prezidentimiziň Belarus Respublikasyna amala aşyran sapary dostlukly ýurduň metbugatynda giňden beýan edildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda saparyň barşynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge goşant goşýan bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gazanylan ylalaşyklara uly orun berildi.
Metbugat sahypalarynda ýerleşdirilen habarlarda ýarym ýyl mundan ozal, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistanda saparda bolandygy, Aşgabatdan Minsk şäherine Belarusyň wekilçilikli toparynyň köp sanly ylalaşyklar bilen gaýdyp gelendigi mälim edildi. Bu gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi sapar bilen gelendigi hem-de ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşyklaryň gazanylandygy metbugatyň üsti bilen okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirildi.
Belarusyň neşirlerinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändigi, haryt dolanyşygynyň 70 göterim artandygy, Türkmenistanyň Belarus üçin Merkezi Aziýadaky esasy we strategik hyzmatdaşy bolup durýandygy beýan edildi.
“Zaman-Türkmenistan”.