Gülläp ösýän Watanymyzda şatlyk bilen garşylanan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň ilkinji aýlaryndan başlap, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere beslenip, halkara derejesindäki abraýyny barha artdyrýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň giň gerimli özgertmeleri, Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Binýady berkden tutulan eziz Diýarymyz her ýyl ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýar. Elbetde, şeýle ösüşleriň sakasynda biziň hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyz üçin edýän ýadawsyz aladalary durýar.
2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip, yglan edilmegi Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly maglumatlary içgin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döretdi. Bu babatda milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri iňňän gymmatly çeşmedir. Beýik Ýüpek ýoly gadymy wagtlardan başlap, tä şu günlerimize çenli yklymlary, dostana halklary söwda we medeni gatnaşyklar arkaly birleşdiren we şu ajaýyp hyzmatyny şu günlerem dowam etdirýän ýoldur. Bu ýol doganlygyň, dostlugyň ýoly bolup, halkyýetler arasynda doganlyk köprüsini emele getiren ýoldur.
Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, dostluk ýoluna öwrüldi. Ozal bu ýol bilen düýeli, hatar-hatar kerwenli gatnalan bolsa, indi bu ýol awtoulagly, demir ýolly, uçarly geçilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda geçiren mejlisinde degişli Karara gol çekip, Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny wagyz etmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlygy giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji ýanwarynda göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygar astynda guraljak “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine hem-de şu mynasybetli geçiriljek welosiped we köpçülikleýin ylgaw ýaryşyna görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, degişli ýolbaşçylara olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde-de bu halkara ýaryşlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Saglyk bolsa, geljek hepdäniň başynda, has takygy, 26-njy fewralda gadymy Lebap topragynda bu halkara ýaryşlaryna badalga berler. Mähriban Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bu giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: “Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan sagdyn durmuş kadalaryny goldamak, sporty, şol sanda köpçülikleýin sporty ösdürmek baradaky syýasaty özüniň oňat netijelerini berýär. Muňa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary ýygy-ýygydan eýeleýändikleri aýdyň şaýatlyk edýär. Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirdik. Bu oýunlarda türgenlerimiz medallaryň sany boýunça birinji orny eýelemegi başardylar. Ýakyn günlerde geçiriljek ylgaw we welosipedli ýaryşlar, Dakar derejesinde geçiriljek halkara awtoralli bäsleşigi, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň sport durmuşynda taryhy wakalara öwrüler. Berkarar döwletimizde sportuň bu ugurlaryny ösdürmäge uly itergi berler” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan täze ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boljak, Diýarymyzyň gündogaryndan – Amuldan, günbataryna – Hazara çenli aralykda guraljak halkara awtoralliniň möhüm ähmiýete eýedigini hem-de şeýle ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilmeýändigini, bu ugurda ýurdumyzda baý tejribe toplanandygyny aýratyn nygtamagymyz gerek. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň çäklerinde ralli ýaryşynyň geçirilendigi ýadymyzdadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Bitarap döwletimizde “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralliniň milli awtomobil sportunyň ösüşinde uly ähmiýete eýe boljakdygyny-da aýratyn nygtamak isleýäris.
Dünýä jemgyýetçiliginiň, aýratyn hem, halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, türgenleriň ünsüni özüne çekjek bu ýaryşyň millionlarça sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döredip, olara ýatda galyjy ýakymly pursatlary bagyş etjekdigi, şeýle hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň arasynda awtomobil sportuna bolan söýgini kemala getirjekdigi hem buýsandyryjydyr.
Halkara derejesindäki sport ýaryşlary “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ösüşiniň täze tapgyryna eýe bolar.
Biz bu ýaryşlary geçirmek baradaky belent başlangyçlary üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirýäris! Nesip bolsa, “Amul– Hazar 2018”-iň ýaryşlary hem edil “Aşgabat 2017” ýaly, täze eýýamymyzyň, bagtyýarlyk döwrümiziň taryhyna şan berjek sport baýramçylygyna öwrüler.
Nurmyrat Atajykow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.