Ýaponiýada Gün energiýasy hem-de ýeliň güýji bilen hereket edýän gämini köpçülige hödürlediler. Bu gämi howa gurşawyna zyňylýan zyýanly maddalaryň mukdaryny azaltmak maksady bilen oýlanyp tapyldy.
Ýapon inženerleri adaty ýelken bilen Gün batareýalaryny birikdirmegi meýilleşdirýärler. Gün panelleri tutuş gäminiň üstki gatlagynda ýerleşýär. Ol gäminiň ähli ýerini energiýa bilen üpjün edýär. Paneller arkaly Günden alnan energiýa ýeliň öwsüşiniň pes mahaly gämini herekete getirýär.
Şu ýyl ýapon hünärmenleri öz gämi gurluşyk ulgamyndaky innowasiýasynda köp sanly synaglary geçirerler. Gün panellerini azyk önümlerini daşamaga hyzmat edýän uly ýük gämilerinde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Synagyň ýarym ýyla çenli çekmegine garaşylýar. Inženerler gämileriň haýsy görnüşleriniň näçeräk mukdarda energiýa talap edýändigini anyklarlar. Bu bolsa, olaryň hiç bir bökdençsiz hereket etmegini üpjün eder. Gämi gurluşygynyň şeýle görnüşinde ýeke-täk mesele ýüze çykyp, ol hem Gün batareýalarynyň we panelleriniň bahasyndadyr. Şonuň ýaly hem ýaponlar şeýle “iýmitlendirijileri” arzanlatmagyň tärleriniň üstünde işläp, häzirki zaman bazarynda öz önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny gazanmak isleýärler.