Häzirki wagtda Norwegiýada elektromobilleriň satuwy ýokarlanyp, adaty bäş ulaga garanyňda, birisi satylýar. Ýurtda geljekki birnäçe ýylyň dowamynda doly elektromobile geçmek we gibrid awtoulaglary ulanmagy bes etmek meýilleşdirilýär. Bu barada Norwegiýanyň Howa we daşky gurşaw ministri Ole Elwestuen mälim etdi. Norwegiýa özüniň gözel tebigaty bilen tanalýar. Ýurduň raýatlary tebigata juda seresaply çemeleşip, ony jany-teni bilen goraýarlar. Onuň saýasynda ýurtda elektromobillere bolan isleg has-da artýar.
Şeýle hem ministr ýurtda elektrik hereketlendirijili awtoulaglaryň dilerleri we awtoulag eýeleri üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini habar berdi. Olara dürli ýeňillikleri bermek boýunça ýörite döwlet maksatnamasy işlenip düzülýär. Ýurduň ýaşaýjylary elektromobil bazarynyň öňe gitmeginde döwletiň tagallalaryny doly goldaýarlar diýlip, “Clean Technicа” žurnalynda bellenilýär. Häzirki wagtda energiýa ugrundan işleýän alymlar uçarlaryň täze elektrik hereketlendirijileriniň taslamasynyň üstünde işleýärler. Ýurtda daşky gurşawyň ýagdaýyna oňaýly täsir edip biljek dürli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berilýän goldawlar dowam etdirilýär. Şeýle hem Norwegiýa 2040-njy ýyla çenli özüniň içki gatnawlarynda ähli uçarlarda elektrik hereketlendirijilerini ulanmagy maksat edinýär.