Russiýa Federasiýasynyň täze ýazyjylar bileleşiginiň başlyklygyna ýazyjy Nikolaý Iwanow saýlandy. Guramanyň XV gurultaýynda oňa 164 wekiliň 132-si, şol sanda Brýansk welaýatynyň wekili şahyr Wladimir Soroçkin ses berdi. Mundan ozal, bu wezipäni 1994-nji ýyldan bäri taryh ylymlarynyň doktory Waleriý Ganiçew alyp barýardy. Täze bellenen ýolbaşçy ýakyn bäş ýylda ýazyjylar jemgyýetine ýolbaşçylyk eder.
Nikolaý Iwanow 1956-njy ýylda Brýansk welaýatynyň Süzem etrabynyň Straçewo obasynda dünýä inýär. Ol Lwowuň ýokary harby-syýasy hünärmentçilik mekdebiniň žurnalistika fakultetini tamamlaýar. 1981-nji ýylda Owganystana ugradylýar. Birnäçe orden-medallar bilen sylaglanan. Ol 1985-nji ýylda “Sowetskiý woin” žurnalynyň habarçysy, ýedi ýyldan soňra bolsa, onuň baş redaktory bolýar. Nikolaý Iwanow 20-den gowrak kitabyň awtorydyr. Mundan ozal, ol Russiýanyň ýazyjylar bileleşiginiň müdiriýetiniň kätipligine saýlanypdy.