Beýik Britaniýada Korollygyň botanika bagynda ilkinji gezek dünýä florasynyň giň gerimli barlaglary geçirilip, ylymda jemi 390 müň 900 görnüşli ösümligiň bardygy mälim edildi. Bu barada 10-njy maýda “BBC News” habar berdi. Botanikadan hünärmenler maglumatlaryň bar bolan gorlaryny öwrendiler we ol ýerde köp gaýtalanmalaryň üstünden baryp, şol bir ösümlik dürli atlar bilen hasaba alnan eken. Hemmesini jemläp aýdanyňda, alymlar 390 müň 900 görnüşli ösümlikleriň sanynyň üstünde durup, olardan 369 müň 400 sanysynyň gülli ösümlikdigini öňe sürdüler.
Barlag geçirijiler ösümlikleriň müňlerçe görnüşleriniň heniz ýazylyp häsiýetlendirilmändigini tassyklaýarlar. Bu açyşlar yzygiderli dowam edýär. Şeýlelikde, 2015-nji ýylda 2034 sany täze ösümlik ýazylyp beýan edildi. Olaryň sanawynda 45 metre çenli ösýän “Gilbertiodendron maximum” (Gabon) agajy we 90 görnüşli begoniýa ýüze çykaryldy. Täze ösümlikleri köplenç Hytaýyň, Awstraliýanyň we Braziliýanyň botanikleri açýarlar. 2015-nji ýylyň sentýabrynda alymlar Ýer togalagyndaky agaçlaryň umumy mukdarynyň hasabyny çykardylar. Görüp otursalar, olaryň sany üç trilliondan hem geçýän eken.