Sagdyn, owadan bolmak we özüňi ruhubelent duýmak üçin dürli witaminleri kabul etmegiň zerurlygy ýok. Onuň üçin öz sowadyjyňy peýdaly önümler bilen doldurmaly. Şeýle önümleriň birnäçesini Britaniýanyň “The Times” gazeti neşir edipdir. Neşiriň sowallaryna jogap beren lukmanlar iň elýeterli, ýokumly we ynsan bedeniniň dürli ulgamlaryny berkidýän we sagaldýan önümleriň sanawyny mälim etdiler. Şol peýdaly önümleriň sanawyny okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris: noýba, gök çaý, balyk, petruşka, alma, greýpfrut (ajymtyk-süýji tagamly miwe), pomidor, nar, ýer almasy, süle ýarmasy, gaýnadylan ýumurtga, gök nohut, guradylan garaly, gara şokolad, ir-iýmişler, zeýtun, badam, burç, makaron.