Sagdyn durmuş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hemişelik ýörelgesidir. Çünki bagtyýarlykda uzak ömür sürmegiň binýady, öňi bilen, saglyga baglydyr. Şu jähetden häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler öz gerimini giňeldýär. Milli Liderimiziň hemaýat-goldawy bilen ýurdumyzda dünýä derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen Halkara saglyk merkezleri müdirligi, Aşgabatda we welaýatlarda “Ene mähri” merkezleriniň ulgamy, Halkara göz keselleri merkezi, Stomatologiýa merkezi, Kelle we boýun kesellerini bejeriş merkezi, Onkologiýa merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Ýokanç keselleri merkeziniň müdiriýeti, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda ynsan saglygynyň goralmagyna ýardam edýän şypahanalaryň täze bejeriş binalary ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we dikeldiş bejergileri geçirmekde uly işleri alyp barýarlar.
Arkadag Prezidentimiziň çözgüdi bilen Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň döredilmegi-de bu ugurda edilýän uly işleriň biridir. Munuň özi jemgyýetimizde beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmeginde, ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýete eýe bolmagynda möhüm rol oýnaýar.
2018-nji ýyl – “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyryldy. Bu ýylda bagtyýar ýurdumyz täze başlangyçlaryň başyny başlady, raýatlarymyz ýeňişli menzillere tarap bat aldy. Üstünliklere beslenýän ýylymyzda il-ýurt bähbitli döwletli işler biri-birine badalga bolýar. Şeýle işleriň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw we welosiped ýaryşlary, şeýle hem “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşy hem bar. Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ýurdumyzyň sport dünýäsindäki abraýynyň belent derejelere ýetýändigini alamatlandyrýar. Şu ýylyň 26-njy fewralynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosiped we ylgaw ýaryşyna badalga berildi. Bu sport ýaryşlary ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän gadymy Amul galasyndan badalga aldy.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, Amuldan gaýdýan ýollar Amyderýanyň kenary bilen günorta hem demirgazyga uzap gidýär. Şeýlelikde, Amuldan badalga alan sport ýaryşy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň çäklerinde ýörite bellenen nokatlar we ugurlar boýunça hereket eder.
Ýurdumyzda geçirilýän her bir sport çäresi milli mazmunly nyşan nusgasyna eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Beýik Ýüpek ýolunyň ylgaw taýajygynyň nusgasyny tassyklady. Ylgaw taýajygynyň öň tarapynda “Türkmenistan” diýen ýazgy, ýazgynyň arkasynda “Garagum” çölüniň keşbini görkezýän altynsow reňkli şekil, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanan 2018-nji ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip ýazylan ýazgy hem-de şu ýylyň nyşany bar. Bu işleriň ählisi ýaşlaryň aňynda ata Watanymyzyň gymmatlyklary, häzirki gazanýan üstünliklerimiz dogrusynda çuňňur garaýyşlaryň kemala gelmegine ýardam edýär.
Ylgaw we welosiped ýaryşlary häzirki zaman sport dünýäsini aýratyn herekete getiriji ugurlardyr. Sportuň ýeňil atletika görnüşine degişli bolan ylgaw ýaryşy dünýäde giňden ýaýrandyr we janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Ylgaw bilen yzygiderli meşgullanýan adam sagdyn, berk bedenli, çeýe bolýar.
Welosiped ýaryşy hakynda aýdylanda bolsa, sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmak hormatly Prezidentimiziň ýardamy bilen soňky birnäçe ýylyň dowamynda ymykly ýola goýuldy. Eziz Arkadagymyzyň başlangyçly ýörelgesine eýerip, ýurdumyzyň ýaşlary bu ugra işjeň gatnaşýarlar.
Raýatlarymyzyň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy döwletiň ösüşleriniň, parahatçylygynyň möhüm şertidir. Milli Liderimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň ähli tarapdan sagdyn bolmagy, Türkmenistanyň halkara sport merkezine öwrülmegi üçin yzygiderli alada edýär. Bu günki gün ýurdumyzyň islendik künjegine barsaň, döwrebap sport meýdançalarynda, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde nazaryň eglenýär. Bagtyýar ýaşlaryň şeýle merkezlerde yzygider kämilleşýändigi buýsanjyňy artdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw we welosiped ýaryşynyň geçirilmegi sportuň halkara derejesinde ösmegine, türkmen türgenleriniň tejribeleriniň artmagyna uly ýardam eder.
Ýeri gelende, sagdyn jemgyýetde sagdyn ruhuň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň döredýän eserleriniň ähmiýetiniň uludygyny-da belläp geçmek isleýäris. Şeýle gymmatly eserleriň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylan ägirt uly işler hem-de häzirki wagtda görülýän möhüm çäreler, türkmen halkynda köpasyrlyk şöhratly däplere eýe bolan sportuň dürli görnüşleri barada gürrüň berýän “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabydyr. Milli Liderimiziň kitabynda bedenterbiýäniň we sportuň adamyň hem-de jemgyýetiň durmuşynda eýeleýän möhüm orny, ähmiýeti açylyp görkezilýär. Çünki sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanda maksada okgunlylygy we ýeňşe bolan erk-islegi terbiýeläp, kämillige tarap ýol açýar.
Goý, il bähbitli, ýurt ähmiýetli şeýle işleriň gözbaşynda durup, raýatlarymyzyň ruhubelentlikde uzak ömür sürmeklerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Zöhre JUMAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky
33-nji orta mekdebiň mugallymy.