“Pushkin-digital” taslamasy islendik adama diňe bir Puşkiniň eserleriniň “on-laýn” elýeterliligini däl, eýsem, onuň golýazmalaryny, barlag geçirijileriň teswirlemelerini we beýlekileri okamaga mümkinçilik döreder. Rus edebiýaty institutynyň ýanyndaky Puşkin öýi “Pushkin-digital” taslamasy arkaly hemmelere Aleksandr Puşkiniň garalamalaryna, onuň döredijilik usulyýetine nazar aýlamaga amatly mümkinçilik döredýär. Bu taslamanyň Puşkiniň eserleri bilen baglanyşykly islendik zerur maglumatlary aňsatlyk bilen almaga mümkinçilik berýändigi barada Puşkin öýüniň metbugat beýannamasynda mälim edilýär.