Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sti­wen King “АСТ” ne­şir­ýa­ty­nyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Rus­si­ýa ge­ler. Onuň gast­rol gra­fi­gi­niň uzyn bo­lan­ly­gy se­bäp­li, Mosk­wa sa­pa­ry 2019-njy ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär.
“АСТ” ne­şir­ýa­ty gor­kunç žanr­ly eser­le­riň aw­to­ry Sti­wen King we beý­le­ki bir­nä­çe meş­hur ýa­zy­jy­la­ryň Mosk­wa gel­mek­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly gep­le­şik­le­ri alyp bar­ýar. Bu ba­ra­da “АСТ” ne­şir­ýa­ty­nyň baş di­rek­to­ry Pa­wel Griş­ko­w žur­na­list­le­r bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
– Biz Sti­wen King we Den Braun bi­len gep­le­şik­le­ri alyp bar­ýa­rys. Bu iş ýe­ňil däl. Çün­ki bu ýa­zy­jy­la­ryň me­ýil­na­ma­la­ry aý­la­ra däl-de, ýyl­la­ra uza­ýar. Hä­zir­lik­çe Kin­giň 2019-njy ýyl­da Mosk­wa gel­me­gi ba­ra­da yla­la­şy­gy­myz bar – di­ýip, Griş­kow bel­le­di.