Ýewropada we Günbatar Aziýa ýurtlarynda ösýän galantus güli (podsnežnik) gyşyň soňky, ýazyň ilkinji günlerinde gögerip çykýar. Sogana meňzeş köpýyllyk ösümligiň 20-ä golaý görnüşi bar. Ösümligiň güli, baldagy we köki halk lukmançylygynda irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Onuň dermanlyk häsiýeti häzirki wagtda hem öwrenilýär. Ol emeli ýagdaýda hem köpeldilip, bezeg ösümligi hökmünde giňden ulanylýar. Edil gar ýaly akja gülleri bolan ösümlik güneşi halamaýar. Şol sebäpli ol hemişe aşak bakyp oturýar. Oňa iňlisçe “snowdrop”, ýagny “gar damjasy” diýilýär. Boýy 10-20 sm aralygynda bolýan ot yzgarly topragy halaýar. Ol howanyň ýagdaýyna görä entek gar eremänkä hem gögerip çykýar. Ýaz paslyna sabyrlylyk bilen garaşýanlygy sebäpli, ol sabyrlylygyň simwoly hasaplanýar. Kähalatda entek gar eremänkä hem gül açýanlygy sebäpli, alymlar oňa uly gyzyklanma bildiripdirler.