Luk­man­lar aşa duz­ly önümleri yzy­gi­der­li iý­me­giň adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly­dy­gy­ny, şol se­bäp­li ada­myň gün­de­lik sarp ed­ýän duz möçberiniň bel­li bir de­re­je­de bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar. Ýö­ne du­zy tu­tuş­ly­gy­na ulan­maz­lyk hem sag­ly­ga zy­ýan­ly­dyr. Eý­sem, du­zuň nä­hi­li gör­nüş­le­ri bar­ka, ol nä­hi­li alyn­ýar­ka?!
Duz de­ňiz­ler­den, ýe­ras­ty kän­ler­den we duz­ly köl­ler­den alyn­ýar. Ta­gam taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­nyl­ýan duz adat­ça, duz­ly köl­ler­den alyn­ýar. Olar gaý­ta­dan iş­le­nip, ýod­laş­dy­ry­lyp, adam sag­ly­gy­na ýa­ram­ly hal­da hal­ka ýe­ti­ril­ýär. Onuň 97%-den gow­ra­gy­ny du­zuň hi­mi­ki dü­zü­mi bo­lan NaCl eme­le ge­tir­ýär. Bu du­zuň ür­gün­li­gi­ni art­dyr­mak üçin kä­bir go­şun­dy­lar go­şul­ýar.
De­ňiz du­zy deň­iz we um­man su­wu­nyň bu­gar­dyl­ma­gy bi­len alyn­ýar. Mun­da du­zy eme­le ge­tir­ýän nat­riý we hlo­rid­den baş­ga-da mag­ne­zi­ýa, de­mir, ka­liý, kal­siý ýa­ly 93 mi­ne­ral bol­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki nat­riý we hlo­rid na­har du­zun­da­ky bi­len de­ňe­çer bo­lup, ta­ga­my baş­ga­ça bol­ýar.
Ýe­ras­ty kän­ler­dä­ki te­bi­gy duz daş­la­ry gaý­ta­dan iş­le­nip duz alyn­ýar. Bu du­zuň dü­zü­min­de 80-den gow­rak mi­ne­ral bar. Ýe­ras­ty kän­ler­den alyn­ýan du­zuň ba­ry-ýo­gy 3 gö­te­ri­mi na­har du­zu­ny taý­ýar­la­mak­da, ga­lan bö­le­gi hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da peý­da­la­nyl­ýar.
Ýe­ras­ty duz­la­ry­ň hem bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň iň gym­mat­ly­sy Gi­ma­laý du­zy ha­sap­lan­ýar. Ol Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň gü­nor­ta­syn­da aras­sa kris­tal duz kän­le­rin­den çy­ka­ryl­ýar. Onuň dü­zü­min­de 84 gör­nüş­li mi­ne­ral mad­da bar. Dü­zü­min­dä­ki mi­ne­ral­lar se­bäp­li onuň reň­ki gül­gün bol­ýar.
Ýe­ras­ty kän­ler­den alyn­ýan duz di­ňe iý­mit­lik mak­sady bi­len däl, eý­sem, sag­ly­gy go­ra­ýyş, kos­me­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le hem, ýe­ras­ty duz kän­le­ri­ne gir­mek, ol ýe­riň ho­wa­syn­dan dem al­mak bir­nä­çe ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar. Şol se­bäp­li ada­ty kän­ler­dä­ki ýe­ras­ty go­wak­la­ryň te­bi­gy daş­la­ryn­dan eme­li go­wak­lar dö­re­di­lip, ola­ra bar­ýan­lar sag­lyk­la­ry­ny di­keld­ýär­ler.
Ga­wai du­zy bol­sa, ga­ra ýa-da gy­zyl reňk­li bol­ýar. Mi­ne­ral mad­da­la­ra baý bo­lan duz te­bi­gat­da wul­kan­la­ryň partlamagy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Bu duz de­ňiz önümlerinden na­har taý­ýar­la­ny­lan­da, has köp peý­da­la­nyl­ýar.