Gül-gülälekleri bark urýan baharyň gelmegi bilen bu ajaýyp paslyň özi ýaly mährem gelin-gyzlarymyzyň ýurdumyzda belent derejede şagalaň-şowhun bilen bellenilýän Halkara zenanlar güni uly dabaralara beslendi. Berkarar döwletimizi ähli ugurlar, pudaklar babatynda ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiz: “Halkymyzyň milli häsiýetlerini, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, ýürek arzuwyndan, on barmagyň gudratyndan dörän sungatymyzy dünýä ýaýýan gelin-gyzlarymyzyň mertebesi, sylag-hormaty elmydama belent bolmagynda galar” diýmek bilen, ýurdumyzyň her bir raýatyna, şol sanda mukaddes ojagyň söýesi hasaplanýan gelin-gyzlarymyza, kümüş saçly enelerimize jemgyýetimizde uly ornuň degişlidigini uly buýsanç bilen nygtaýar.
Ýaşaýşyň gözelligi hasaplanýan zenanlarymyzyň halal zähmet çekmekleri, okap bilim alyp, öz saýlap alan hünärleri boýunça ýurdumyzyň islendik pudagynda işlemäge, hökümet düzümlerinde we saýlawly ugurlarda işjeň zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine goşant goşmaklaryna döredilýän şertler ata Watanymyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygyna doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň häzirki düzüminde, şeýle hem 25-nji martda geçiriljek örän möhüm syýasy çäre – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň dalaşgärleriniň düzüminde dürli kärdäki zenanlarymyzyň ençemesiniň bardygy diýseň buýsançlydyr.
Pähimdar türkmen halkynyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan uly hormaty gadym zamanlardan bäri bellidir. “Görogly”, “Gorkut ata” şadessanlarymyzda zenana iňňän uly hormat goýlup, eseriň Agaýunus peri, Harmandäli, Aýsoltan, Gülendam ýaly baş gahrymanlary pähimli, edepli, gaýduwsyz zenanlar hökmünde çeper suratlandyrylypdyr. Merdana halkymyzda “Gyz edebi – il edebi”, “Gyzly öý – soltanly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam”, “Enem – Käbäm, Atam – kyblam”, “Ene eli – em, dili – melhem” ýaly ajaýyp nakyllar bar.
Meşhur akyldar şahyrlarymyz Nurmuhammet Andalybyň dessanlarynda, Döwletmämmet Azadynyň ajaýyp “Wagzy-azat” eserinde zenan maşgalanyň belent mertebesi ençeme gezek nygtalyp geçilýär.
Magtymguly atamyz:
Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa
– diýmek bilen, zenan mertebesiniň iňňän belentde tutulmalydygyny nygtaýar.
Nusgawy şahyrlarymyz Mollanepesiň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Şabendäniň, Mätäjiniň zenanlar hakda döreden ajaýyp goşgulary şu ajaýyp zamanamyzda-da bagşy-sazandalarymyzyň dilinden düşmän gelýär.
Bagtyýar zamanamyzda gelin-gyzlarymyz döredijilikli zähmet çekmegiň, döretmegiň belent nusgasyny görkezýärler. Raýatlarymyzyň, şol sanda mährem zenanlarymyzyň öz ukyplaryny görkezmekleri üçin ýurdumyzda uly mümkinçilikleriň döredilendigine her ýylda geçirilýän dürli derejedäki bäsleşiklerem anyk şaýatlyk edýär. Gelin-gyzlarymyz her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine, “Ýylyň parlak ýyldyzy”, “Talyp gözeli” bäsleşiklerine, ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşmak bilen öz ukyplaryny görkezýärler.
Bu aýdanlarymyza Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginiň golaýda, has takygy, baharyň ilkinji gününde jemlenilmegi-de anyk şaýatlyk edýär. Bu bäsleşigiň eminler toparynyň biragyzdan karar etmeginde Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň Raýatlyk ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri Gurbansoltan Annaýewa “Ýylyň işjeň zenany” diýen ada, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungat kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa “Ýylyň çeper elli zenany” diýen ada, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy Sähra Ataýewa “Ýylyň sungatda işjeň zenany” diýen ada, Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky “Täze aý” kärhanasynyň işçisi Aýjemal Babaýewa “Ýylyň mährem zenany” diýen ada, Balkan welaýatynyň harby bölüminiň deňiz-pyýada batalýonynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Oguljeren Atabaýewa ”Ýylyň watançy zenany” diýen ada, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň “Babadaýhan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýsara Ergeşowa “Ýylyň öňdebaryjy oba zenany” diýen ada, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Jennet Annagulyýewa “Ýylyň telekeçi zenany” diýen ada mynasyp boldy. Olara degişli diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mukaddes ojaklarynda nesil terbiýesini amala aşyrýan, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren enelerimize her ýyl “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, has köp çagaly maşgalalara täze jaýyň açarynyň gowşurylýandygy olaryň abraý-mertebesini artdyrýar.
Her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we kömek puluny alýan aýal-gyzlara, talyp gelin-gyzlara, orta mekdepde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylýandygy-da gelin-gyzlarymyza, kümüş saçly ene-mamalarymyza hormatly Prezidentimiz tarapyndan çäksiz hormat goýulýandygynyň aýdyň alamatydyr.
Goý, gadymy däp-dessurlarymyzy dabaralandyryp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesini belende göterýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Guwanç Geldiýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.