Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady, öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde, beýik ösüşleriň ýolunda geljege ynamly gadam urýar. Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän döwrümizde eziz Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bagtyýar halkymyzyň gurmaga, döretmäge, beýik ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan isleg-höwesini artdyrýar.
Eziz Arkadagymyzyň döredýän her bir eseri, dürli ugurlardan söhbet açýan dürli neşirler häzirki döwürde biziň her birimize işde, okuwda, ylym-bilimde, ruhy dünýämizi baýlaşdyrmakda aýdyň çeşme bolup durýar.
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmekde durmuşa geçiren we geçirýän beýik işlerini wasp edýän “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň elimize gowuşmagy hem bu ugurda amal edilýän ajaýyp işleriň biridir.
“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitap adyndan belli bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň waspçysy, şahsy başarnygy we nusgalyk göreldesi bilen raýatlarymyzy halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine joşgunly zähmete ruhlandyrýan milli Liderimiziň alyp barýan giň möçberli hem-de köptaraply işleri barada söhbet açýar.
Geçen ýylyň güýzünde ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabatda ýaýbaňlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dünýä sport äleminde täze sahypany açyp, dünýä jemgyýetçiliginiň hereketlendiriji güýjüne güýç goşdy. Ýokary üstünliklere beslenen Aziada-2017 oýunlary türkmen türgenleriniň ukyp-başarnyklarynyň çäksizdigini beýan etdi. Kitapda döwletimizi şan-şöhrata beslän bu sport forumy hakynda söhbet açylýar.
Kitabyň “Gahryman Arkadagymyz – ulus ilimiziň guwanjy, “Halka Arkadag, sporta howandar Lider”, “Gahryman Arkadagymyzyň sporta bagyşlan paýhas namasy” ýaly bölümlerinde döwlet Baştutanymyzyň sporty ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleriniň beýany jemlense, “Oýunlara çenli taryh”, “Uly toýuň taýýarlygy”, “V Aziýa oýunlary – bilim, tejribe sapagy, “Aşgabat 2017: sportuň Watanynda ýeňişleriň başlangyjy” ýaly bölümler “Aşgabat 2017”-niň oýunlary barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.
Sport ýaryşlaryndan söhbet açýan dürli fotosuratlar, türkmen türgenleriniň dürli sport ýaryşlarynda ýeňşe eýe bolmaga jan etmegi arkaly gazanan medallary, ýaryşlaryň dartgynly pursatlary alnymyzda iň täsirli pursatlary janlandyrýar.
Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek isleýäris: ol hem kitapda häzirki döwürde bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan dürli sport görnüşleriniň aňyrsynda türkmen milli oýunlarynyň ýatandygy hakynda pikirleriň ýöredilýänligidir. Munuň özi halkymyzyň sport görnüşlerini esaslandyrmakda döredijilik ukybynyň, çemeleşme ugrunyň akyl-paýhasdan gözbaş alýandygyny görkezýär.
Her bir eser gymmatly çuňňur mana eýe bolan jümlelere, pähimli sözlere eýe bolsa, ol eseriň gymmaty artyp, many gerimi giňelýär. Kitapda eziz Arkadagymyzyň halkymyza dürli ýyllarda peşgeş beren dürli eserlerinden parasatly jümleleriň getirilmegi muny aýdyň subut edýär. Kitaba girizilen parasatly jümleler akyl-paýhasyň merjen däneleri deýin kalplarda orun alýar.
Häzirki döwrümizde ýurdumyzda ynsan saglygy, adamlaryň uzak ömür sürmegi ilkinji orunda durýar. Munuň üçin eziz Arkadagymyz halkymyzyň sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini her bir çykyşynda, eserinde beýan edýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport sagdynlygyň, bagtyýarlygyň berk binýadydyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adam durmuşyň müňbir gözelligine, ruhubelentlige, döretmek, işlemek hyjuwyna eýe bolýar. Häzirki günlerde mähriban Arkadagymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzda awtomobil sporty hem barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugurda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini ýatlap geçmek möhümdir.
Kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda gün-günden ýaýbaňlanýan gurluşyk işlerine hem giň orun berilýär. Häzir bütin dünýäde Türkmenistan belent gurluşyklaryň mekany hökmünde gün-günden gerimini giňeldýär. Şeýle işleriň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi. Welaýatlarymyzda gurlan we gurulýan desgalar, edara binalary, dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport desgalary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary we gaýry binalar beýik ösüşlerimizden habar berýär.
“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň her jümlesi, her sahypasy çuňňur mana eýe. Täze neşir Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýermäge ymtylýan ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgeleri ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedir.
Gurbanmuhammet MÖJEKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.