“Mercedes”-iň baş ýerine ýetiriji direktory Tobias Moers “Mercedes AMG”-niň dört gapyly awtoulagynyň täze modelini synagdan geçirmäge girişendiklerini hem-de onuň “Porche Panamera” bilen bäsleşip biljekdigini mälim etdi.
Tobias Moers kompaniýanyň häzirki wagtda bu awtoulagyň täze modelini çykarmazdan öň, iň soňky ädimlerini ädýändigini habar berdi. “Mercedes” ahyrky synaglaryny geçirýär we basym AMG-niň üsti täze özboluşly nusga bilen doldurylar. Mundan ozal “Mercedes” öz saýtynda täze modeliniň birnäçe fotosuratyny köpçülige ýetiripdi. Megerem, bu awtoulag bir ýyl mundan ozal Ženewada hödürlenen “AMG GT Concept” bilen meňzeş bolsa gerek.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu awtoulag 2019-njy ýylda alyjylar üçin elýeterli bolar. Awtoulagyň hereketlendirijisiniň kuwwaty 800 at güýjünden 1000 at güýjüne barabar bolar.