Go­laý­da Bar­se­lo­na­da ge­çi­ri­len mo­bil kong­re­si­niň esa­sy te­ma­la­ry­nyň bi­ri hem mo­bil ara­gat­na­şy­gy­nyň bä­şin­ji nes­li 5G-ni giň ge­rim­de or­naş­dyr­mak ar­ka­ly tä­ze mo­bil eý­ýa­my­ny dö­ret­mek­den yba­rat bol­dy. 2020-nji ýyl­da in­ter­net to­ru­na 50 mil­liard en­jam bi­rik­di­ri­ler diý­lip, çak edil­ýär.
“In­ter­net när­se­le­ri­niň kon­sep­si­ýa­sy” ge­le­jek­de in­ter­ne­tiň ýe­ke-täk ul­ga­my­na bi­zi gur­şap al­ýan äh­li en­jam­la­ryň bi­rik­di­ril­me­gi­ni mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin her ine­dör­dül ki­lo­metr üçin mil­li­on bi­rik­dir­mä çen­li gö­ter­ýän tor dö­ret­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Bu tor bol­sa, 5G ul­ga­my­nyň esa­syn­da gu­rul­ýar. Bu ba­ra­da “Qualcomm Eu­ro­pe” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy En­ri­ko Sal­wa­to­ri bel­läp geç­ýär.
“Akyl­ly” öý­dä­ki so­wa­dy­jy­nyň öz eýe­si­niň bank ha­sap­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi bo­lup, iý­mit önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak üçin özi dü­ka­na sar­gyt edip bil­ýär. Ýö­ne “in­ter­net när­se­le­rin­de” has uly müm­kin­çi­lik­ler hem bar. Şeý­le hem “Qualcomm” kom­pa­ni­ýa­sy Bar­se­lo­na ser­gi­sin­de 5G ul­ga­my­na da­ýan­ýan ýe­ke-täk kon­sept aw­tou­la­gy­ny hö­dür­le­di.
– “Akyl­ly” aw­tou­lag­lar edil smart­fon, “akyl­ly” sa­gat ýa-da “Ama­zon Alexa” ýa­ly bi­ziň müş­de­ri­le­ri­mi­ziň öý­jük­li dur­mu­şy­nyň bir par­ça­sy bo­lar. Ne­ti­je­de, ola­ryň öz aw­tou­la­gy­na bo­lan gat­na­şy­gy büs-bü­tin öz­ge­rer, çün­ki ol kuw­wat­ly mo­bil komp­ýu­te­ri­ni ýa­dy­ňa sal­ýar – di­ýip, BMW kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li Di­ter Meý gür­rüň ber­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da 5G ul­ga­my­ny or­naş­dyr­ma­gyň yk­dy­sa­dy ne­ti­je­si 2035-nji ýy­la çen­li 2 tril­li­on ýew­ro tö­we­re­gi bo­lar. 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek – Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň stra­te­gik we­zi­pe­si­dir. Onuň or­naş­dy­ryl­ma­gy 2025-nji ýy­la çen­li 2,5 mil­li­on iş ýe­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Ol her ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň gaz­na­sy­na 130 mil­li­on ýew­ro gir­de­ji ge­ti­rer. Brýus­sel öň­de goý­lan we­zi­pä­ni ama­la aşyr­mak üçin 5G diý­lip at­lan­dy­ryl­jak Ýew­ro­pa ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­ny esas­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.