Hytaý Halk Respublikasynyň ilaty şu ýylyň fewral aýynyň 16-synda öz senenamalaryna görä, Horaz ýylyndan It ýylyna geçdi. Täze ýyl mynasybetli 15-21-nji fewral aralygynda resmi dynç güni berildi. Hytaýlylaryň arasynda bu baýramçylyga Bahar baýramy hem diýilýär. Bu baýramçylyk döwründe ýurduň syýahatçylyk girdejisi 475 milliard ýuana (takmynan, 75 milliard dollar) barabar boldy. Bu görkezijiler ýurduň syýahatçylyk edarasy tarapyndan mälim edildi. Syýahatçylyk girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 12,6 göterim artdy.
Ýurtda bu baýramçylyk, esasan hem, maşgala arasynda bellenýär. Şonuň üçin ýurduň ähli ýerinde köpçülikleýin ulaglardan peýdalananlaryň sany has hem artdy. Bu döwürde syýahatçylyk maksatly gezelençler amala aşyryldy. Halkyň agramly bölegi Guangdong, Hunan we Siçuan welaýatlaryna gezelençde boldular. Mundan başga-da hytaýlylaryň daşary ýurtlaryň 68-sine syýahata gidendigi hem bellenip geçilýär.
Umuman aýdylanda, Hytaýda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek babatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, 2020-nji ýylda syýahatçylyk pudagynyň ýyllyk girdejisini 7 trillion ýuana (1,1 trillion dollar) ýetirmek meýilleşdirilýär.