Belarusuň paýtagty Minskde 28-nji fewraldan 4-nji mart aralygynda XXV halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi. Kitap ýarmarkasynyň baş mowzugy “Belarus – Ýewropanyň medeni meýdany” diýlip atlandyryldy. Sergä dünýäniň 32 ýurdundan 360 neşirýat öýi gatnaşdy. Serginiň hormatly myhmany Serbiýa boldy. Bu çärä Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Russiýanyň neşirýat işgärleri gatnaşdylar.
Sergide belarus dilinde neşir edilen “Hytaýyň ensiklopediýasy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu taslama Belarusuň Maglumat ministrligi we HHR-iň metbugat, neşirýat, radiogepleşikler, kinematografiýa we telewideniýe işleri boýunça baş döwlet edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga laýyklykda, amala aşyryldy. Serginiň geçirilýän günleri “Ýazyjy we wagt” atly ýazyjylaryň IV Halkara ylmy maslahaty hem geçirildi. Şeýle hem serginiň dowamynda ýaş ýazyjylaryň arasynda geçirilýän “Perşaswet” bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.