-nyň 44-nji Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň aýa­ly Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le ge­liş” (Becoming) at­ly ki­ta­by şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Mi­şel Oba­ma­nyň bu ki­ta­byn­da Ak ta­myň dur­mu­şyn­dan, şeý­le hem şah­sy dur­mu­şy­nyň mö­hüm par­ça­la­ryn­dan söh­bet açyl­ýar. Mi­şel Oba­ma ki­tap­da özü­niň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap, ge­çen be­ýik­li-pes­li dur­muş ýo­ly ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­rip, oky­jy­la­ry öz dün­ýä­si­ne im­rin­di­rer.
– Me­niň dur­muş ýo­lu­myň oky­jy­la­ry ruh­lan­dyr­jak­dy­gy­na hem-de öz öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de hyjuw ber­jek­di­gi­ne bir­jik­de şüb­he­len­me­ýä­rin – di­ýip, Mi­şel Oba­ma gür­rüň ber­di.
“The Gu­ar­di­an” ga­ze­ti­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, me­mu­ar­lar ýe­ne-de 23 di­le ter­ji­me edi­ler. Mi­şe­liň ýat­la­ma­lar ki­ta­by “Pen­gu­in Ran­dom Hou­se” ne­şir­ýaty ta­ra­pyn­dan köpçülige ýetiriler. Ne­şir­ýa­tyň we­kil­le­ri ki­tap çap edi­len­den soň, Mi­şel Oba­ma­nyň Ame­ri­ka­nyň ştat­la­ry­na öz ki­ta­by­ny hö­dür­le­mek mak­sa­dy bi­len sy­ýa­ha­ta çyk­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär. Ka­gyz gör­nü­şi 32 dol­lar, elektron gör­nü­şi 15 dol­lar­dan yba­rat bol­jak bu ki­tap, bir wag­tyň özün­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Awst­ra­li­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Hin­dis­tan ýa­ly ýurt­lar­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
Hü­nä­ri bo­ýun­ça hu­kuk­çy 54 ýaş­ly Mi­şel Oba­ma 2009-2017-nji ýyl­lar­da, ha­çan-da, onuň ýan­ýol­da­şy Ba­rak Oba­ma ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ni eýe­län­de, ýur­duň bi­rin­ji le­di­si bo­lup­dy.