Ylmyň ösüşine ýardam bermek boýunça amerikan assosiasiýasy “AAAS /Subaru Children’s Science Book Prize” ýetginjekler üçin niýetlenen iň gowy ylmy kitaplara berilýän baýragynyň ýeňijilerini mälim etdi. Baýrak maksatnamasy eýýäm, 13 ýyl bäri amala aşyrylýar. Onuň maksady ylmyň dürli ugurlary boýunça has çuňňur bilim we doly düşünje almaga mümkinçilik berýän çagalar, ýetginjekler, ýaşlar üçin niýetlenen ýokary hilli ylmy kitaplary neşir etmekden we çap edilen işleriň awtorlaryny höweslendirmekden ybaratdyr. Şu ýyl baýraga eýe bolanlaryň arasynda “Gözellik we çüňk” (Debora Li Rouz, Jeýn Weltkamp), “Sanlardaky haýwanlar” (Stiw Jenkins), “Tilkini nädip eldekileşdirmeli?” (Li Alan Dugatkin we Lýudmila Rut), “Bu kitap ys berýär” (Sara Wassner Flinn) ýaly kitaplar bar.