Beýik Britaniýaly belli ýazyjy zenan Penni Winçensi 28-nji fewralda 78 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada “The Telegraph” gazeti onuň gyzyna salgylanyp habar berdi.
– Onuň adamkärçiligi, mertebesi zehinine laýyk gelip, päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we beýlekilere görelde görkezmäge mümkinçilik berýärdi – diýip, ýazyjy zenanyň gyzy gürrüň berýär. Onuň eserleriniň sýužetinde söýgi esasy orun eýeleýär. Winçensiniň eserleriniň gahrymanlary öz durmuşynda hem-de söýgüde üstünlige tarap tagalla edýän güýçli gahrymanlary bilen tapawutlanýar. Ol ömrüniň iň soňky günlerine çenli täze romanynyň üstünde işledi.
Penni Winçensi 17 romanyň awtorydyr, olaryň arasynda “Gaharly oýunlar”, “Ýowuz roman”, “Ykbalyň tersine”, “Perişde däl” ýaly eserleri has meşhurdyr. Bulardan başga-da, ol iki hekaýalar ýygyndysynyň awtorydyr. Şeýle hem Winçensi “Vogue” we “Daily Mirror” neşirýatlary bilen hyzmatdaşlyk edip, olar üçin moda hakda makalalary ýazýardy.