Adam beýnisi 10 ýaşyna çenli edil pamyk ýaly bolýar we ukyp-başarnyk bilen bagly hemme zady özüne siňdirýär. Edil öz bedenimizi berkitmek üçin maşk we sport bilen meşgullanyşymyz ýaly beýnimizi kämilleşdirmek üçin hem maşk etdirmeli. Bu ýagdaý ýatkeşligimiziň we ünsümiziň güýçlenmegine hem kömek eder. Maşk edilende, ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutmagy unutmaň. Iki suratyň arasyndaky tapawutlary tapmak, dürli tapmaçalary çözmek, goşgy ýat tutmak beýnimizi işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Çagalar bagyna ýa-da birinji synpa barlanda goşmak amalyny ýerine ýetirmek üçin barmaklarymyzy ulanýan bolsak, soňlugy bilen, ýatdan hasaplamagy endik edinmeli. Sanlary yzlygyna sanamak beýnimizi işjeňleşdirýär. Mysal üçin, 20-den yzlygyna yzygiderli ýa-da 56-dan aşaklygyna her gezekde 7-ini aýryp sanap gaýtmak.
Suratlar bilen işlemek hem beýnimiziň gowy işlemegine täsir edýär. Mysal üçin, ilki bir surata seredip, soňra oňa seretmezden, nämeleriň bardygyny gürrüň bermek ýa-da daşarda oýnaýan wagtymyz gözümizi ýumup, daş-töweregimizde nämeleriň bardygyny aýdyp bermek.
Kitap okamagyň hem uly peýdasynyň bardygy hemmämize mälimdir. Okan çeper eserimizi başga birine gürrüň bermek ýatkeşligimizi gowulandyrýar. Islendik dersdäki öwrenen zatlarymyzy synpdaşymyza ýa-da deň-duşumyza düşündirmek hem ony has gowy özleşdirmäge ýardam edýär. Bu biziň öwrenmek ukybymyzy hem kämilleşdirýär. Alymlar öýümizde otag ösümlikleriniň bolmagynyň-da öwrenmäge oňyn täsir edýändigini belleýärler.