UEFA Ýewropa ligasynyň finaly 18-nji maýda, ýagny öňümizdäki çarşenbe güni Şweýsariýanyň Bazel şäherindäki “St. Ýakob-Park” stadionynda bolar. Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanjak oýunda “Liwerpul” bilen “Sewilýa” toparlary duşuşarlar. Bu oýun iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar. “Liwerpul” topary häzire çenli ispan klublary bilen 34 duşuşyk geçirip, şolaryň 14-sinde ýeňiş gazandy. “Sewilýa” iňlis klublary bilen 8 oýun geçiripdir we 3 gezek ýeňipdir, 3 saparam ýeňlipdir. “Liwerpul” bu kubogy 3 (1973, 1976, 2001), “Sewilýa” bolsa, 4 (2005, 2006, 2014, 2015) gezek aldy. “Sewilýa” topary ýaryşyň taryhynda bassyr 3 sapar finala çykan ilkinji topardyr. Ikisi-de mundan öňki oýnan finalynda utulmady. Şol nukdaýnazardan bu final olaryň haýsy hem bolsa, biri üçin ilkinji ýeňliş bolar. Finalda “Sewilýa” ýeňiş gazansa, onda ol UEFA-nyň 2-nji derejeli kubogyny yzly-yzyna 3 gezek alan ilkinji topar diýen ady eýelär. Şol bir wagtyň özünde “Sewilýa” soňky 40 ýylda UEFA-nyň klub ýaryşlarynda bassyr 3 sapar ýeňiji bolan ilkinji topar bolar. Iň soňky sapar şeýle hormata “Bawariýa” mynasyp bolup, olar 1974–1975–1976-njy ýyllarda UEFA-nyň 1-nji derejeli kubogyny alypdy. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan finalda şwesiýaly Jonas Eriksson jürlewük çalar.