Gollandiýanyň “PAL-V” firmasy 15 ýyldan bäri işläp taýýarlaýan uçýan awtoulagyny 2019-njy ýylda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. 500 müň ýewrodan satyljak awtoulagy sürmek üçin uçarmanlyk resminamasyny almaly bolar. Golaýda Ženewada geçirilen awtoulag sergisinde onuň doly taýýar edilen görnüşi görkezildi. Firmanyň ýolbaşçylary eýýäm sargyt kabul edip başladylar. Ýerde 160 km/s bilen hereket edýän ulag howada 179 km/s bilen gidýär. Ol 11 müň fut (3350 m) belentlige çenli çykyp bilýär. Ýangyç bilen bir gezek doldurylanda, 563 km ýol geçýär.
Ilkinji nobatda, ulagdan 90 sanysy öndüriler. Ulagyň ikinji tapgyrda öndüriljek görnüşiniň modeli hem başgaça bolup, onuň bahasy 299 müň ýewro bolar. Firmanyň ýolbaşçylary bu bahanyň içinde oňa erk etmek bilen bagly sapaklaryň hem degişlidigini aýtdy.