“Tomb Raider”
Režissýory: Roar Uthaug
Keşplerde: Alisiýa Wikander, Dominik West, Walton Goggins, Daniel Wu, Kristin Skott Thomas, Derek Jekobi, Nik Frost, Jeými Winston
Ssenariçileri: Ženewa Robertson-Dworet, Alastair Siddons (“Crystal Dynamics” hem-de “Square Enix”-iň adybir wideo-oýny esasynda)
Prodýuseri: Grem King
Kompozitory: Tom Holkenborg
Öndüriji: “Metro-Goldwyn-Mayer”, “Warner Bros. Pictures”, “GK Films”, “Square Enix”
Paýlaýjy: “Warner Bros. Pictures”
Dowamlylygy: 118 minut
Görnüşi: uruşly, başdan geçirme
Ýurdy: ABŞ
Dili: iňlisçe
Býujeti: 100 million $
Wideo-oýunlary ýa-da halk arasyndaky ady kompýuter oýunlary esasynda filmleri surata düşürmäge köp ýyldan bäri Golliwud aýratyn üns berýär. Golaýda şeýle filmleriň hataryna ýene-de biri goşuldy. “Tomb Raider” atly uruşly başdan geçirme wideo-oýny esasynda ekranlaşdyrylan adybir täze filmde baş keşbi Golliwudyň oskarly aktrisasy, şwesiýaly Alisiýa Wikander janlandyrýar. Filme norwegiýaly Roar Uthaug režissýorlyk edýär. Alisiýa Wikanderden başga-da filmde Dominik West, Walton Goggins, Daniel Wu, Kristin Skott Thomas dagy hem dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Filmiň ssenarisini Ženewa Robertson-Dworet bilen Alastair Siddons bilelikde ýazdy. Kino tutuşlygyna diýen ýaly Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherinde surata düşürildi. 100 million dollar çykdajy edilen film ilkinji hepdesinde tutuş dünýäde 165 million dollara golaý girdeji gazandy.
“Tomb Raider” oýny esasynda 2001-nji we 2003-nji ýyllarda-da film surata alnypdy. Meşhur aktrisa Anjelina Joliniň baş keşpde çykyş eden şol filmleri prokatlardan jemi 430 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplapdy.
Lara Kroft ýetginjeklik döwründe ýitirim bolan arheologyň gyzy. Ol özüniň welosipedi bilen hat gatnadýançy bolup işläp, güzeranyny aýlap ýör. Lara günleriň birinde kakasynyň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly wakalary ýüze çykarmak üçin herekete geçip başlaýar…