Dub­lin­de 93 ýa­şy­nyň için­de ir­land ede­bi­ýa­tyn­da mö­hüm yz go­ýan ro­man­çy, şa­hyr ze­nan Wel Mal­kerns ara­dan çyk­dy. Bu ba­ra­da “The Gu­ar­di­an” neşiri ha­bar ber­ýär. Onuň “Ti­me Out­worn” we “The Peacock Cry” (Ta­wu­syň se­si, 1954) ýa­ly eser­le­ri Ir­lan­di­ýa­nyň 1950-nji ýyl­lar­da­ky dur­mu­şy ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry ber­ýär. Ol 1925-nji ýyl­da Dub­lin­de akt­ýo­ruň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Baş­lan­gyç mek­dep­den soň, Do­mi­ni­kan kol­le­ji­ni ta­mam­la­ýar. Oku­wy­ny uni­wer­si­tet­de do­wam et­dir­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bol­man, döw­let di­wanyn­da işe baş­la­ýar. Ol 20 ýaş­la­ryn­da­ka iş­den boş wagt­la­ry Dub­li­niň Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň okal­ga za­lyn­da özü­niň il­kin­ji ro­ma­ny­ny ýaz­ma­ga gi­riş­ýär. Şol dö­wür­ler­de ol Dub­lin­den Ang­li­ýa gid­ýär hem-de üç ýy­lyň do­wa­myn­da bir­nä­çe mek­dep­ler­de sa­pak ber­ýär.
Onuň pa­jy­ga­ly söý­gi ba­ra­da­ky bi­rin­ji ro­ma­ny “Ti­me Out­worn” (Ga­raş­ma wag­ty, 1951) 26 ýa­şyn­da­ka Lon­don­da ne­şir edil­ýär. Ol 1952-1954-nji ýyl­lar­da Dub­lin­de çyk­ýan ede­bi­ýat žur­na­ly “Bell”-de iş­le­ýär we köp san­ly ýa­zy­jy­lar bi­len ta­nyş­ýar. Ol dur­mu­şa çy­kyp üç ça­ga­nyň ene­si bo­lan­dan soň­ra, ede­bi­ýat kar­ýe­ra­sy­ny az wagt­lyk bes edip, žur­na­lis­ti­ka bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar. Ýö­ne 1970-nji ýy­lyň ahy­ryn­da ol ýa­zy­jy­lyk kar­ýe­ra­sy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­na gi­riş­ýär.
Onuň “An­tik­wa­ri­at” at­ly he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy (1978) ne­şir edi­len­den soň­ra, üç sa­ny tä­ze ro­ma­ny we ýe­ne-de iki he­ka­ýa­lar ýy­gyn­dy­sy çap edil­ýär. Ha­çan-da, 1981-nji ýyl­da ir­land su­rat­keş­le­ri­niň we ýa­zy­jy­la­ry­nyň aka­de­mi­ýa­sy esas­lan­dy­ry­lan­dan soň­ra, Wel onuň ag­za­ly­gy­na saý­lan­ýar. Onuň “Very Li­ke a Wha­le” (1986) at­ly ro­ma­nyn­dan soň, “Duş­man­lar bi­len dost”, “Ýat­la­ma we ar­zuw” (2016) ýa­ly iň soň­ky eser­le­ri çap edil­ýär.