Oba ýerinde ýaşaýanlar ýa-da açyk meýdana gezelenje gidenler göýüli gören bolsa gerek. Tegelek ýaprakly, tikenli ýabany ösümlik ýere ýazylyp ösýär. Meksikada şekili edil göýüliňkä meňzeş miwe ýetişýär. Bu miwä (lat. “Melothria scabra”) meksika kiçi garpyzy, turşy hyýar ýa-da syçan garpyzy hem diýilýär. Dürli howa şertlerinde bitýänligi sebäpli dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Baldagy üzüme meňzeş bolan bu miwe tohumy arkaly köpeldilýär. Ol haýata golaý ekilse ýa-da ýörite dalbar ýasalsa, şoňa çyrmaşyp ýaýrap ösýär. Bol we yzygiderli hasyl berýän ösümlik çalt boý alýar. Gurak howa şertlerinde hem ýetişýär. Ony hyýaryň ekin şertlerinde ýetişdirip bolýar. Işdäňi açýan häsiýeti bolany üçin kiçi çagalara hem iýmek maslahat berilýär. Adam saglygyna uly peýdasy bolup, terligine iýilýär. Şeýle hem ony edil beýleki oba hojalyk ekinleri ýaly gyş üçin gaplap bolýar.