NBA-da pleý-off tapgyry ýokary depginde dowam edýär. LeBron Jeýmsli “Kliwlend Kawaliers” ýeke oýunda-da utulmazdan, Gündogar konferensiýasynda finala çykmagy başardy. Ilki “Detroit Pistonsy”, soňra-da “Atlanta Hawksy” 4 oýunda ýeňen topar häzirki wagtda finaldaky garşydaşyna garaşýar. Bu ugurda-da “Maýami Hit” bilen “Toronto Reptorsyň” arasynda göreş dowam edip, kanadalylar 3–2 hasabynda öňde barýar. Günbatar konferensiýasynda-da 2 finalçy hem belli boldy. “Hýuston Roketsi”, soňra-da “Portland Treýl Bleýzersi” 4–1 hasabynda utan “Golden Steýt Warriors 40 ýyldan soň, bassyr 2-nji sapar konferensiýanyň finalyna çykmagy başardy. Onuň garşydaşy “Oklahoma Siti Tander” bolup, olar “Dallas Maweriksden” soň, çempionlygyň dalaşgärlerinden güýçli topar “San Antonio Sparsy” 4–2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, häzirki çempionyň garşydaşy boldy. Konferensiýanyň ýeňijileri iýun aýynda NBA-nyň finalynda duşuşarlar.