Her paslyň özüne mahsus hezilligi hem gözelligi bar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen tebigata jan girip, daş-töwerek al-ýaşyl öwsüp başlaýar. Bu paslyň başynda bolsa, açyk meýdanlarda ýeriň astyndan güberip çykýan kömelekler peýda bolýar. Bir öýjükli we köp öýjükli bu organizmleriň örän köp görnüşi bar. Ýerden gögerip çykýanlygy sebäpli ösümlik diýilýän hem bolsa, kömelekler ösümlik hasaplanmaýar. Sebäbi olarda hlorofil maddasy bolmaýar we ösmek üçin Gün şöhlesine zerurlyk duýmaýar. Hlorofil bolsa, ösümliklere mahsus bolup, ol şöhläni özüne siňdirip, fotosintez hadysasyny amala aşyrýar. Bu biologik pigment ýoklugy sebäpli olar ösümlige degişli hasaplanmaýar. Emma käbir hünärmenler onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly maddalaryň bardygy we iýmit üçin giňden ulanylýandygy sebäpli gök-bakja ekini hasaplaýarlar.
Tebigy ýagdaýda emele gelýän kömelegiň jaýyň içinde ekmek arkaly hem köpeldýän görnüşleri hem bar. Kömelek, esasan, iki bölekden ybarat bolup, onuň depesinde telpek, aşagynda bolsa taýajyk şekilli bölek – göbek bolýar. Ol göbeginiň toprak bilen birigýän ýeri arkaly iýmitlenýär. Biziň kömelek diýip ýygnaýan zadymyz aslynda bu organizmiň miwesidir. Onuň has kiçi düýbi, has dogrusy, köki kömelek ýyglandan soňra toprakda galýar. Şol sebäpli ozal kömelek tapylan ýerde ýene-de olar peýda bolýar. Sebäbi onuň düýbi edil miwe agaçlary ýaly ýaňadan miwe berýär. Bu kökler bir ýyldan hem uzak ýaşaýar. Ekme kömelek hem şol kökler arkaly köpeldilýär. Tebigy ýagdaýda ýetişýän kömelekler olaryň telpeginiň şekiline görä toparlara bölünýär. Kömelekler ösümlikler ýaly öz iýmitlerini öndürip bilmeýär. Şol sebäpli olaryň ähli görnüşi başga bir ösümligiň ýa-da jandaryň iýmitinden peýdalanýar. Olar iýmitlik maddalaryny çüýrän ösümliklerden ýa-da janly organizmlerden alýarlar.
Tebigatda birnäçe görnüşli kömelek bolup, olaryň arasynda zäherlileri hem gabat gelýär. Şol sebäpli kömelek ýyglanda, olaryň zäherli däldigine anyk göz ýetirmek gerek.