Wagty hasaplamak üçin dürli döwürlerde dürli ölçeglerden peýdalanylypdyr. Ýer şary bir gije-gündiziň dowamynda öz okunyň daşyndan bir gezek aýlanýar. Maglumatlara görä, bir günüň 24 sagada bölünmegi gadymy Müsürde hem ulanylypdyr. Emma häzirki wagtda onluk san ulgamynyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, näme üçin gije-gündiz 24 sagada bölündikä?!
Müsürliler wagty ölçemek üçin Gün sagatlaryndan peýdalanypdyrlar. Şeýle hem müsürlileriň wagty has kiçi böleklere bölen ilkinji medeniýetdigi çaklanylýar. Gün sagatlary tekizligiň üstüne ýerleşdirilen çybyjagyň kölegesiniň uzynlygynyň we ugrunyň üýtgemegi bilen wagty ölçeýär. Emma gijesine ony ulanmak mümkin bolmansoň, ýyldyzlaryň hereketi we dogup-ýaşýan wagtlaryndan wagtyň nirä ýetendigini aňypdyrlar.
Müsürliler 36 ýyldyzy we ýyldyzlar toplumyny synlap, bir ýyly on günlük 36 bölege bölüpdirler. Şol ýyldyzlaryň 18-si Günüň batyşy bilen dogşunyň aralygyndaky wagty ölçemek üçin peýdalanylypdyr. Olaryň altysy Günüň dogýan we ýaşýan mahalyndaky alagaraňkylyk, 12-si asmanyň tüm garaňky bolýan döwrüni has gysga aralyklara bölmek üçin ulanylypdyr. Ýyldyzlaryň hersiniň ýüze çykyşyny bir sagatlyk wagta bölüpdirler. Emma gijäni we gündizi aýratynlykda 12 sagatlyk böleklere bölen hem bolsalar, sagatlaryň wagty bir-birine deň däl eken.
Gün sagatlary uzak ýyllaryň dowamynda ähmiýetini ýitirmändir. Tehnikanyň ösmegi bilen wagty has takyk ölçeýän sagatlar peýda bolupdyr. Şu günki günde beýleki ölçeg birlikleri bilen bir hatarda wagt hem dünýäniň ähli ýurdunda diýen ýaly birmeňzeş hasaplanýar.