ABŞ-nyň Pen­sil­wa­ni­ýa şta­ty­nyň Seuik­li şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Raý­mond Suk­lin 94 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kan­dan soň, özü­niň 37 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­dä­ki baý­ly­gy­ny Pitts­burg­da­ky kom­mer­si­ýa däl gu­ra­ma­ ha­ýyr-sa­ha­wat hök­mün­de ba­gyş­lan­dy­gy onuň ýa­kyn­la­ry­na aýan bol­ýar. Bu tä­ze­lik onuň maş­ga­la ag­za­la­ry­ny diý­seň geň gal­dyrýar, çün­ki olar Raý­mon­dyň beý­le baý­ly­gy ba­ra­da hiç zat bil­me­ýän eken­ler. Çün­ki ozal­ky har­by gul­luk­çy bü­tin öm­rü­ni sa­da dur­muş­da ýa­şap ge­çi­ren eken.
Raý­mon­d ça­ga­ly­gyn­dan eje­si­niň ter­bi­ýe­si­ni alyp, ka­ka­sy­nyň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da ara­dan çy­kan­dy­gy “Pitts­burgh Post-Ga­zet­te” saý­tyn­da bel­le­nil­ýär. Aýal do­ga­ny Kon­nek­ti­kut­da ýa­şap, onuň bi­len ara­gat­na­şy­gy on­çak­ly öwer­lik bol­man­dyr. Raý­mond mek­dep-in­ter­na­t­da okap, soň­ra Ari­zo­na­nyň we Pen­sil­wa­ni­ýa­nyň uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim al­ýar. Ol Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da ABŞ-nyň kri­mi­nal bar­lag­lar gul­lu­gyn­da wa­tan öňün­dä­ki bor­ju­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ol gul­luk­dan soň, in­že­ner-me­ha­nik­lik bi­len gy­zyk­lan­ýar.
Ol 1986-njy ýyl­da iki ça­ga­ly dul aýal Bet­ti Hal­le­te öý­len­ýär. Ol öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ry­ny gar­ry­lar öýün­de ge­çir­ýär. Raý­mond 2014-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Jem­gy­ýet­çi­lik ze­rur­ly­gy üçin gö­nük­di­ri­len bu se­riş­de­ler mä­lim edi­len­den soň, onuň ýa­kyn­la­ry ju­da geň gal­ýar­lar. Pitts­bur­gyň kom­mer­si­ýa däl gu­ra­ma­sy­nyň gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, şol birwag­tyň özün­de onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Maks­well King bu se­riş­de­le­riň gaz­na şu wagta çenli ge­çi­ri­len se­riş­de­le­riň iň köpüdigini gür­rüň ber­ýär. In­di bu pul­lar Seuik­li şä­he­ri­niň ki­tap­ha­na­sy­nyň abat­la­ýyş iş­le­ri­ne we beý­le­ki ze­rur­lyk­lar üçin ula­ny­lar.