Iň köp okaýan şäher
Geçen ýyl geçirilen “Iň köp okaýan sebit” atly bütinrussiýa bäsleşiginde iň kän okaýan sebit hökmünde Moskwa şäheri ykrar edildi. Bu barada şäheriň medeniýet departamentiniň başlygy Aleksandr Kibowskiý habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, şu günki günde paýtagtda 440 kitaphana bolup, olardan geçen ýyl okyjylaryň 23,8 milliony peýdalanypdyr. Şeýle hem 2018-nji ýylyň dowamynda moskwalylar ýeke-täk okyjy biletinden peýdalanmaga başlarlar. Bu kada bileti alan ýerine garamazdan, paýtagtyň islendik kitaphanasyna çäklendirilmezden, barmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň meýilnamasynda neşirleriň ýeke-täk elektron katalogyny girizmek göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý bolsa, okyjylara şäheriň kitaphanalaryndan gerekli kitabyny aňsat tapmaga uly mümkinçilik berer.