Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, “Sel­tik” to­pa­ry 2-nji ha­tar­da­ky “Aber­din” klu­bun­dan 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ara­ta­pa­wu­dy 12 utu­ga çy­kar­dy we bas­syr 5-nji çempionlygyny gazandy. Şunlukda, “Sel­tik” to­pa­ry hä­zi­re çen­li 47 sa­par çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on bol­mak­da 54 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Glaz­gow Reýn­jers” 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 2012-nji ýyl­da 4-nji li­ga dü­şü­ri­len klub tä­ze möw­süm­den baş­lap ýo­ka­ry li­ga­da çy­kyş eder.
* * *
Gol­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da (“Ere­divisie”) çe­ke­le­şik­li ge­çen çem­pi­on­lyk ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş PSW-niň ta­ra­pyn­da bol­dy. Soň­ky tap­gy­ra çen­li utuk­la­ry deň bo­lan “Aýaks” bi­len PSW-niň ara­syn­da çem­pi­on bol­mak müm­kin­çi­li­gin­de ams­ter­dam­ly­lar 1 ädim öň­de­di. 34-nji tap­gyr­da “Aýak­syň” myh­man­çy­lyk­da li­ga­da gal­mak üçin gö­reş­ýän “De Graaf­şaps” bi­len 1–1 (Amin Yu­nes 16 – Bra­ýan Smits 55) ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­ma­gyn­dan soň, myh­man­çy­lyk­da “De Zwol­le” to­pa­ry­ny 3–1 ha­sa­byn­da utan PSW 2 utuk öňe saý­la­nyp, bas­syr 2-nji ýo­la çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Eind­ho­wen şä­he­ri­niň we­ki­li 23-nji ge­zek al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da 33 çem­pi­on­lyk bi­len “Aýaks” öň­de bar­ýar.
* * *
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 1 tap­gyr ga­lan­da, myh­man­çy­lyk­da “In­golş­tad­ty” Ro­bert Le­wan­dows­ki­niň 2 go­ly esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da utan “Ba­wa­ri­ýa” bas­syr 4-nji, umu­my­lyk­da 26-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Şun­luk­da, “Ba­wa­ri­ýa” 9 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Nürn­berg” bi­len ara­ta­pa­wu­dy ep-es­li aç­dy. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny Fi­lipp Lam 8-nji ge­zek çem­pi­on bo­lup, ol bu ugur­da Oli­wer Kan­dyr Meh­met Şoll we Bas­ti­an Şwanş­taý­ge­riň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy.
* * *
Ger­ma­ni­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy “Bun­des­li­ga II-de” ta­mam­la­nan 33-nji tap­gyr­dan soň, “RB Le­ip­zig” to­pa­ry ýo­ka­ry li­ga çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. 2009-njy ýyl­da dö­re­di­len to­par “Bun­des­li­ga­da” il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder.
* * *
Uk­rai­na­nyň çem­pio­na­tyn­da Ki­ýe­wiň “Di­na­mo­sy” çem­pi­on bol­dy. 1 tap­gyr ga­lan­da “Me­tal­lurg Za­po­rož­ýe” to­pa­ry bi­len 0–0 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan “Di­na­mo” to­pa­ry bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 15-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 17-nji tap­gyr­da li­der­li­gi “Di­na­mo Ki­ýe­we” al­dy­ran “Şaht­ýor” 7 utuk yz­da bar­ýar.
* * *
Şweý­sa­ri­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 31-nji tap­gyr­da “Sio­ny” 2–1 ha­sa­byn­da utan “Ba­zel” bas­syr 7-nji sa­par çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Bu ola­ryň 19-njy çem­pi­on­ly­gy­dyr.
* * *
Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “M. Ýu­naý­ted­den” 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan “Nor­wiç Si­ti” hem-de “As­ton Wil­la” bi­len deň­me-deň (0–0) oý­nan “Nýu­kasl” to­par­la­ry öňü­miz­dä­ki möw­sü­mi aşa­ky li­ga­da, “Cham­pions­hip­de” ge­çir­me­li bo­lar­lar. “Nýu­kasl” iň soň­ky sa­par 2009/10 möw­sü­mi­ni 2-nji li­ga­da ge­çi­rip­di.
* * *
Ita­li­ýa­da “Sas­suo­la­dan” 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan “Fro­si­no­ne” to­pa­ry “We­ro­na­dan” soň, li­ga dü­şen 2-nji to­par bol­dy. Olar ge­çen ýyl ýo­ka­ry li­ga çy­kyp­dy.
* * *
“At­le­ti­ko­ny” 2–1 ha­sa­byn­da utup, gar­şy­da­şy­ny çem­pi­on­lyk ýa­ry­şyn­dan alyp ga­lan “Le­wan­te” to­pa­ry 9 möw­süm­den soň, aşa­ky li­ga düş­di.
* * *
3 to­par hem ut­dy
Çem­pi­on­lyk ýa­ry­şy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýän Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň 3-si hem 27–28-nji tap­gyr­lar­da ýe­ňiş ga­zan­dy. SSKA il­ki “Te­re­gi” 1–0, soň­ra “Ufa­ny” 3–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Il­de­şi­miz Gur­ban Ber­di­ýe­wiň tä­lim ber­ýän to­pa­ry “Ros­tow” “Lo­ko­mo­tiw­dir” (2–1; Az­mun 8, No­boa 45+1 – Şku­le­tiç 52) “Di­na­mo­ny” (1–3; Be­çi­raj 17 – Az­mun 40, 50, Kudr­ýa­şow 64) ýe­ňip, gö­re­şi do­wam et­dir­di. “Ze­nit” hem myh­man­çy­lyk­da oý­nan 2 oý­nun­da-da il­ki “An­ži­ni” 1–0, soň­ra “Mor­do­wi­ýa­ny” 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di.
Çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­ri­niň ga­lan oýun­la­ry: SSKA–“Kras­no­dar”, “Ros­tow”–“Ural”, “Ze­nit”–“Lo­ko­mo­tiw”; “Ru­bin”–SSKA, “Te­rek”–“Ros­tow”, “Di­na­mo”–“Ze­nit”.