Beýik Britaniýa sürüjisiz ilkinji ýolagçy demir ýol ulagynyň gatnawyny ýola goýdy. Ilkinji gatnaw Piterboro bilen Horşem şäherleriniň arasynda boldy. Bu taslama Beýik Britaniýanyň “Thameslink Railway” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze demir ýol ulagynyň hereketi dolulygyna awtomatlaşdyryldy. Ulagyň sürüjisine diňe awtomatlaşdyrylan ulgama gözegçilik etmek galdy. Gurnaýjylaryň pikirine görä, awtomatlaşdyrylan demir ýol hereketi ýolagçylara wagty tygşytlamaga kömek eder.
– Demir ýol ulagynyň awtomatlaşdyrylan tehnologiýasy milli demir ýol ulgamynyň işini has-da kämilleşdirer – diýip, kompaniýanyň baş inženeri Gerri Makfadden gürrüň berýär. Bu taslamanyň üstünde 5 ýyl işlenildi we 7 milliard funt sterling (takmynan, 10 milliard dollar) sarp edildi.